Elektron çilimleriň satuwy gadagan edildi

Fransiýanyň milli parlamentinde bir gezek ulanmaga niýetlenen elektron çilimleriň gadagan edilmegi baradaky karar biragyzdan kabul edildi. Ýurduň metbugatyndaky habara görä, respublikan deputat Mişel Lauzzana we Ekologlar partiýasyndan Françeska Paskini tarapyndan teklip edilen kanun taslamasy ses berlişige gatnaşan 104 deputatyň ählisi tarapyndan goldanyldy.

Kanun taslamasyna görä, bir gezek ulanmaga niýetlenen elektron çilimleriň satuwynyň gadagan edilmegi göz öňünde tutulýar.

Täze düzgüniň alty aýyň dowamynda Ýewropa Komissiýasy tarapyndan taýýarlanan synyň berilmegi hem-de ýurduň parlamentiniň ýokary palatasynda (Senat) ara alnyp maslahatlaşylmagyndan soňra, 2024-nji ýylyň tomus paslynyň ahyrynda güýje girmegine garaşylýar.

Mundan ozal ýurduň hökümet başlygy Elizabet Born bu çilimleriň ulanylyşynyň 18 ýaşdan kiçileriň arasynda artandygyna ünsi çekip, temmäki bilen göreşmek baradaky milli maksatnamanyň çäklerinde gadagan edilip bilinjekdigini belläpdi.

Born düzümindäki temmäki mukdary az diýlip satylýan şeýle çilimleriň ýaşlarda çilim çekmek endigini döredýändigini aýdyp, munuň öňüniň alynmalydygyny belläpdi.

Ýurduň saglygy goraýyş ministri Orelýan Russo bolsa, ýurtdaky plýažlarda we tokaýlarda çilim çekmegiň gadagan ediljekdigini aýdypdy.

Ýene degişli makalalar

Fransiýada täzelenen hökümet işe başlady
Türkmenistanda rus dili: Täze meýiller, köne tejribeler (2-nji bölüm)
GDA-dan bolan dalaşgärler 25-nji noýabra çenli Russiýanyň ÝOM-laryna mugt girip bilerler
Russiýada GDA-nyň wekilleri üçin mugt okuw orunlary köpeldiler
Russiýada mugt okamak üçin hasaba alnyşyk başlandy
Dünýäde iň uly ülje ýetişdirildi