Emeli intellekt kazylaryň wagtyny tygşytlap biler

Russiýanyň Federal salgyt gullugy tarapyndan kazyýet kararlaryny çykarmak baradaky arzalara garamagy awtomatlaşdyrmak boýunça synaglar geçirildi.Geçirilen synaglaryň çäginde emeli intellektiň kazyýet işini işläp taýýarlamagyň wagtyny 84% tygşytlap biljekdigi hem-de kazyýet işiniň kartasyny 96-a çenli dolduryp biljekdigi ýüze çykaryldy.Synagyň dowamynda Belgorod sebit kazyýetiniň başlygy O.Uskow we “Megafon” bölek satuw kärhanasynyň hukuk edarasynyñ başlygy A.Şugar Sankt-Peterburg halkara hukuk forumynyň (SPBILF-2022) çäginde öz netijeleri barada hasabat berdiler.

Olaryň tassyklamagyna görä, awtomatiki usulda işlenip bilinjek bir resminama kazyýete gelen bolsa, köplenç, prosessual ýüztutma kagyz ýüzüne çykýar. Şeýle-de resminamanyň tekstini “tanamakda” ýalňyşlyklaryň sany we ähli artykmaçlyklary elýeterli bolýar.

Bulardan başga-da programmanyň wezipeleriniň diňe bir resminamalaryň ykrar edilmegi däl, eýsem, beýleki degişli jikme-jiklikleriň hem aýan edilmegini öz içine alýandygyny belledi.AI maglumatlara esaslanyp, ulgamyň talaplary kabul etmek ýa-da kabul etmezlik we haýsy sebäbe görä karar bermelidigini aýan edýär.Synagda AI algoritmine esaslanan kazyýet işiniň taslamasy alyndy. Şeýle-de diňe maglumatlaryň näderejede dogry seljerilendigi barlanylyp, resminama redaktirlenildi we faýl kabineti bilen integrasiýa guraldy.Synaga gatnaşyjylaryň sözlerine görä, taslama iki aý dowam etdi. Şol döwürde AI salgyt ýygnamak boýunça 650-den gowrak bukjany gözden geçirdi we kazylaryň işinii ep-esli azaldyp biljekdigini görkezdi.

Durdymyrat SAPARMYRADOW,Ahal welaýat kazyýetiniň kazysynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-özbek gümrük nokatlarynyň arasynda sanly TIR ulgamy synagdan geçirildi
Robotlar çagalara iňlis dilini öwreder
Hindistan Raketa Synagyny Geçirdi
Döwrebap ýelkenli gämi ýola düşdi
Dron bilen poçta gatnadylar
Kiçijik hekaýatlar
Giriş synaglaryna badalga berildi