Döwrebap ýelkenli gämi ýola düşdi

ABŞ-nyň “Cargill” kompaniýasy ýelkenli gäminiň döwrebap görnüşini işläp taýýarlady.Deňiz gatnawyndan ýelden peýdalanmak maksady bilen öndürilen gämi ilkinji synagy üçin suwa goýberildi.Suw ulagynda iki sany “WindWings” atly ganatly ýelken bar.

Bu taslama “BAR Technologies”, “Mitsubishi Corporation” we “Yara Marine Technologies” ýaly kompaniýalar goldaw berýär.Synag maksatly hem bolsa, gäminiň syýahaty örän uzak aralyga amala aşyrylýar.Bilermenler döwrebap ýelkenleriň açyk deňizlerde nähili netije berýändigini bilmek üçin ilkinji syýahatyny Singapur bilen Braziliýanyň arasynda amala aşyrýarýar.

Taslamany durmuşa geçirmek üçin “Mitsubishi” korporasiýasyna degişli bolan “Pyxis Ocean” atly ýük gämisine beýikligi 37,5 metre ýetýän iki sany ýelken oturdylypdyr.

Inženerler bu ýelkeniň gäminiň ýangyjy 30 göterim az sarp etmegine ýardam etjekdigini belleýärler. Ýagny gämi adaty ýangyç bilen bir hatarda ýelkeniň güýjünden hem peýdalanýar.

Halkara ýük gatnawynyň uly böleginiň gämiler arkaly amala aşyrylýandygy göz öňünde tutulanda, bu tehnologiýanyň howanyň hapalanmagynyň öňüni almakda täsirli boljakdygy bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Arkadag şäheri akylly we ýaşyl tehnologiýalar şäheri atly halkara maslahat geçirildi
“CAMCO Technologies” kompaniýasy türkmen bazaryna girmäne gyzyklanma bildirýär
29-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Iň ýokary tizlikli internet tory guruldy
Hytaýda dünýäde iň tiz internet peýda boldy
Aşgabatda GDA-nyň sebit aragatnaşygy we maglumat boýunça bilelikdäki mejlisi geçirildi