Iň ýokary tizlikli internet tory guruldy

Hytaýda sekuntdaky tizligi 1,2 terabit bolan internet tory işe girizildi.Huawei Technologies hem-de China Mobile kompaniýalary tarapyndan Pekin şäherini ýurduň günorta welaýatlary bilen birikdirýän uzynlygy 3 müň kilometre ýetýän internet geçirijisi ulanmaga berildi.

Internet geçirijisindäki synaglaryň şu ýylyň iýul aýynda başlanandygy we şondan bäri dürli synaglardan geçirilendigi bellenildi. Şeýle tizlikdäki geçiriji arkaly bir sekuntdan hem az wagtda 150 sany 4K durulygyndaky filmi iberip boljakdygy mälim edildi.

Huawei kompaniýasy golaýda örän çylşyrymly mikroprosessory bolan 5G telefonyny tanyşdyrypdy.

Şu ýylyň fewral aýynda Huawei-iň global bazardaky bäsdeşi Nokia Ýewropadaky optiki tor arkaly 118 kilometrlik aralykdan sekuntda 1,2 terabit tizlikde maglumat geçirendigini mälim edipdi. Häzirki wagtda köp ýurduň internet geçirijisi sekuntda 100 gigabit tizliginde işleýär. ABŞ-da bu görkeziji ortaça 400 gigabit/sekunda barabar.

Aşyr ORAZGULYÝEW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Hytaýda dünýäde iň tiz internet peýda boldy
Arkadag şäheri akylly we ýaşyl tehnologiýalar şäheri atly halkara maslahat geçirildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Türkmentel-2023 halkara forumyny ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy
Türkmenistan öýjükli aragatnaşygy ösdürmek üçin Huawei, Nokia enjamlaryny we programma üpjünçiligini satyn alar
Türkmenistanda “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamy döwrebaplaşdyrylar