Emomali Rahmon döwlet sapary bilen Katara bardy

Emomali Rahmon döwlet sapary bilen Katara bardy

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon döwlet sapary bilen Katara bardy. Döwlet baştutanynyň ýanynda uly hökümet topary bar diýip, tj.sputniknews.ru ýazýar.

Geçen ýylyň tomsunda Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al-Tani döwlet sapary bilen Täjigistana barypdy. Ýokary derejeli duşuşyklaryň netijesi boýunça hyzmatdaşlyk barada resminamalaryň 15-sine gol çekildi.

Ýurtlar ykdysady, söwda, maliýe, senagat, ulag, energetika, oba hojalyk, ýaşyl we sanly ykdysadyýet, salgyt, maýa goýum, medeniýet we syýahatçylyk ýaly ugurlarda gatnaşyklary işjeňleşdirmegi göz öňünde tutýarlar diýlip, habarda bellenýär.

Ýene degişli makalalar

Erdogan Al Sani Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeş Boldy
Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar
Kasym-Žomart Tokaýew Katara sapar bilen barar
Ýewraziýa  Döwletleriniň Gün Tertibindäki Wakalar
Şu gün Serdar Berdimuhamedowyň Katara döwlet sapary başlanýar
Dohada 7 sany ikitaraplaýyn resminama gol çekildi