Eneler zeminiň zynaty

Eneler  zeminiň zynaty

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde Halkara zenanlar güni mynasybetli Enelerzeminiň zynaty atly edebi-sazly agşamyny geçirdi.

Kitaphana hünärmenlerimiz Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe enelere hormat goýmakda, gelin-gyzlarymyzy mertebelemekde döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan uly ähmiýetli işler barada giňişleýin gürrüň berdiler. Bahar-ýaz ýaly zenanlarymyza bagyşlap birnäçe şygyrlary labyzly okap berdiler. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan Baky gözellik atly göçme kitap sergisi hem çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

Ýene degişli makalalar

Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň milli we edebi mirasynda
Janly tebigatyň waspçysy
ADYŇ DILLERDE DESSAN, SÖZÜŇ MÜŇ DERDE DERMAN
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylyna bagyşlap döredijilik duşuşygy
Türkmen atlary - türkmen halkynyň milli buýsanjy
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Bitewi elektron kitaphana ulgamy hakynda söhbetdeşlik