Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Bitewi elektron kitaphana ulgamy hakynda söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Bitewi elektron kitaphana ulgamy hakynda söhbetdeşlik

Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Medeniýet minstrliginiň garamagyndaky merkezi kitaphanalarda bitewi elektron kitaphana ulgamyny döretmek hakynda 2013-nji ýylyň 16-njy awgustynda çykaran karary ýurdumyzyň kitaphana ulgamynda uly özgertmeleri amala aşyrmakda örän uly ähmiýetli wakalaryň biri bolup durýar.

Kitaphanada ornaşdyrylan ösen, döwrebap tehniki serişdeler okyjylar üçin gerek bolan edebiýatlary çalt tapyp bermäge uly ýardam berýär.Kitap hazynalary elektron ulgama ýüklenilýär.Okyjylara ähli ugurlar boýunça döwrebap hyzmatlar edilýär.

Täze iş tejribeler ornaşdyrylýar.Dürli bäsleşikler geçirilýär.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy ýurdumyzda iň uly naýbaşy kitaphana bolmak bilen, ol welaýat, etrap merkezi kitaphanalaryna hem ylmy-usuly kömekler berip durýar. Ýörite işlenip taýýarlanan taslamalara we meýilnamalara laýyklykda, göz öňünde tutulýan taslamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde bitewi elektron katalog ulgamynyň we elektron kitaplary okamak üçin mümkinçilikleri döredildi.

Bitewi elektron katalogy şol kitaphanalaryň gaznalaryndan saklanylýan çap edilen neşirler barada ýeke-täk maglumat binýady bolup durýar.Taslamany amala aşyrmak maksady bilen, kitaphanalary aragatnaşygyň tizleşdirilen ulgamy, zerur bolan maddy-tehniki enjamlar, kompýuter programmalary bilen üpjün edildi.

Elektron kitaphanasy bir tarapdan adaty kitaphananyň wezipelerini ýerine ýetirýän hem bolsa, başga bir tarapdan, kompýuter we telekommunikasion tehnologiýalarynyň esasynda elektron gorlary guramak we saklamak hem-de olary ilata elýeterli etmek wezipesi hem alyp barýar.

Bize şular ýaly ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys.

Ýene degişli makalalar

Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy
ABŞ-daky kitaphana bergidarlardan pişigiň suratyny getirmegi haýyş edýär
Eneler zeminiň zynaty
Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň milli we edebi mirasynda
Janly tebigatyň waspçysy
Kiýewdäki Magtymguly kitaphanasynyň muzeýine türkmeniň medeni gymmatlyklary gowşuryldy