ABŞ-daky kitaphana bergidarlardan pişigiň suratyny getirmegi haýyş edýär

ABŞ-daky kitaphana bergidarlardan pişigiň suratyny getirmegi haýyş edýär

ABŞ-nyň jemagat kitaphanalarynyň birinde täsin tutum badalga aldy, ol Mart myrlamasy diýlip atlandyrylýar. Bu geň tutum barada MIR 24 ýazýar.

Massaçusets ştatyndaky Wusteriň kitaphanasynda badalga alan tutumyň maksady okamaga alan kitaplaryny wagtynda getirip bilmedik okyjylary çekmekdir. Martda alan kitabyny ýa ýitiren, ýa-da haraplan islendik okyjy kitaphana gelip, pişigiň şekilini görkezse ýeterlik. Munuň üçin onuň günäsini bagyşlaýarlar.

Şunda pişikleriň islendik şekili fotosuraty ýa-da elde çekilen suraty hem bolýar. Kitaphana eýýäm sosial ulgamdaky sahypasynda pişikleriň okyjylar tarapyndan getiren şekillerini ýerleşdirip başlady.

Kitaphana diňe munuň bilen çäklenenok, bu ýerde okyjylaryň stresini peseltmek üçin pişikler bilen duşuşyklar hem guralýar.

Ýene degişli makalalar

Şekspiriň kitaby 2,5 million dollara satyldy
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda harby atlary gowşurmak dabarasy geçirildi, Türkmenpoçta çaparçylyk gullugynyň işini kämilleşdirýär, Türkmenistanyň raýatlaryna birinji ýarymýyllyk üçin salgytlary tölemegiň möhleti ýatladylýar
Gerekli internet dükany Gurban baýramy mynasybetli utuşly bäsleşik yglan etdi
Amerikanyň 7 Ştatynda Maýmyn Mama Keseli Ýüze Çykdy
Türkmenistanyň raýatlary üçin ýaşaýyş jaý we jemagat hojalygynyň hyzmatlaryna onlaýn töleg etmek mümkinçiligi, Sanly.tm sanly portaly funksiýalaryny artdyrdy, türkmen kompozitorynyň Bütinrussiýa bäsleşiginde gazanan ýeňşi we beýleki täzelikler
ABŞ 2030-njy ýyldan benzin bilen işleýän ulaglary gadagan edip ugrar