Er-Rýadda ilkinji metro işe girizildi

Saud Arabystanynyň paýtagtynda ilkinji gezek metro işe başlady.Bu barada “TV BRICS” teleýaýlymy habar berýär.Er-Riýad metrosy ýolagçylar üçin 1-nji dekabrda işe başlady.Birinji tapgyrda alty liniýanyň üçüsi boýunça otly gatnawy başlady.

Galan üç şahasy 15-nji dekabrdan başlap tapgyrlaýyn işe giriziler.Metro stansiýalarynda meşhur heýkeltaraşlar tarapyndan döredilen dürli heýkelleriň ýerleşdirendigi sebäpli medeni gözel ýere öwrülendigi bellenýär. “Bu sungat eserleri, Er-Riýady gündelik durmuşymyzy baýlaşdyrýan we jemgyýet bilen döredijiligiň arasyndaky baglanyşygy güýçlendirýän galereýa öwürmek baradaky tagallalarymyzy ýüze çykarýar diýip, “Riyadh Art” jemgyýetçilik sungaty maksatnamasynyň arhitektory we ýerine ýetiriji direktory Halid Al Al Hazani aýtdy.

Metro taslamasy 2012-nji ýylda tassyklandy.Er-Riýad metrosy 85 stansiýany öz içine alar.Soňky ýyllarda Saud Arabystanynyň paýtagtynyň awtoulag ýollarynda ulag dyknyşyklary has-da artýar.Bu ýagdaý işjeň alnyp barylýan gurluşyklaryň, ýaşaýjylaryň sanynyň köpelmegi we jahankeşdeleriň köpelmeginiň netijesinde bolup geçýär.

Bu metro Er-Riýaddaky ulag dyknyşyklaryny 30 göterim azaldar diýlip garaşylýar. /* custom css */ .td_uid_15_674ef50f381fa_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_674ef50f381fa_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

M.N.Aýazow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
M.N.Aýazow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Kriştianu Ronaldu AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň kubogyndan mahrum boldy
Döwletjan Ýagşymyradow orta agramda “PFL-niň” çempiony boldy
Er-Riýadda COP16 açyldy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Saud Arabystanynyň mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşdy