Erdogan: “Çagalar urşuň we basyşyň jerimesini çekmeli däl”

Erdogan: “Çagalar urşuň we basyşyň jerimesini çekmeli däl”

Çagalaryň urşuň, çaknyşygyň we ýoksullugyň jerimesini çekmeli däldigini aýdan Prezident R. T. Erdogan, olaryň erkin we howpsuz ýagdaýda ýaşamak hukugynyň bardygyny belledi.

TRT tarapyndan paýtagt Ankarada penşenbe güni geçirlen 48-nji halkara 23-nji aprel çagalar festiwalynda çykyş eden Prezident Erdogan, sebitde parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin uly tagalla edilýändigini, emma urşuň we basyşyň çagalara zeper ýetirmäge dowam edýändigini belledi.

Festiwalda çagalara ýüzlenip çykyş eden Erdogan “Azat we erkin durmuşda ýaşamak siziň esasy hukugyňyz” diýip belledi.

Erdogan ähli diplomatik tagallalara garamazdan zulumyň we adalatsyzlygyň sebite ýaramaz täsirini ýetirýändigini ýatlatdy.

Prezident Erdogan “Gynansakda ähli tagallalara garamazdan sebitimizde söweşler we basyşlar dowam edýär. Urşuň we basyşyň jerimesini çagalar çekýär” diýdi.

Türkiýäniň çaknyşyklaryň bes edilmegi we çagalaryň asuda ýagdaýda ýaşamagy üçin uly tagalla edýändigini aýdan Erdogan “Dünýädäki ähli çagalaryň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny umyd edýäris” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Türkiýe-Gazagystan gatnaşyklaryna kanagatlanma bildirdi
Türkmenistanyň medeni diplomatiýasy
Erdogan Ştaýnmaýere sebitdäki uruşlaryň Ýewropany ejizledýändigini aýtdy
NATO-nyň Baş sekretary Mark Rutte Türkiýede saparda bolýar
Wise-prezident Ýylmaz: Türkiye global näbellilik döwründe maýa goýum gurşawyny güýçlendirýär
Erdogan: “Ysraýylyň basyp alyjy tutumy sebitara howpsuzlyga wehim salýar”diýdi