Erik Lamela ýylyň iň owadan goly üçin FIFA-nyň baýragyna mynasyp boldy

Erik Lamela ýylyň iň owadan goly üçin FIFA-nyň baýragyna mynasyp boldy

Ispaniýanyň Sewilýa toparynyň we Argentinanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Erik Lamela Halkara futbol federasiýasyna (FIFA) görä, ýylyň iň owadan golunyň awtory hökmünde Ferens Puşkaş adyndaky baýraga mynasyp boldy. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Lamelanyň bu goly 2021-nji ýylyň 14-nji martynda Angliýanyň çempionatynyň Arsenala garşy oýnunda geçirildi, argentinaly futbolçy Tottenhem üçin çykyş etdi.Dalaşgärleriň gysga sanawyna Lewerkuzeniň Baýeriniň we Çehiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Patrik Şikiň hem-de Portugaliýanyň Portu toparynyň we Eýranyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Mehdi Tareminiň gollary hem goşuldy.

Geçen ýyl Puşkaş baýragyna Tottenhemiň günorta koreýaly hüjümçisi Son Hyn Min eýe boldy.Daniýanyň lukmançylyk ştaby we milli ýygyndysynyň oýunçylary futbol jemgyýetinde adalatly oýnuň we rehimdarlygyň ruhuna kybap gelýän nusga ederlik hereketleri üçin gowşurylýan Fair Play baýragyny aldylar.

Bu baýrak 12-nji iýunda Ýewropa çempionatynyň Kopengagende Daniýanyň we Finlýandiýanyň toparlarynyň arasynda geçirilen oýnunda meýdançada ýürek durmasyny başdan geçiren daniýaly ýarym goragçy Kristian Eriksene kömek edilendigi üçin berildi.

Iň gowy janköýerler üçin FIFA Fan Award baýragyna Erikseni goldan Daniýanyň we Finlýandiýanyň milli ýygyndylarynyň janköýerleri mynasyp boldy.

Ýene degişli makalalar

ÝEWROPADA 1-nji,DÜNÝÄDE 2-nji
FIFA hem Modriçi saýlady
Bu gün APL başlanýar. Çempion kim bolar?!
APL: Arsenal arakesmeden öň arany açdy
FIFA Puşkaş baýragyna dalaş edýän üç finalçynyň adyny aýtdy
FIFA ýylyň iň gowularyny saýlady