“Erkin miweçilik” kompaniýasynda her gün 4-5 tonna alma hasyly ýygnalýar

“Erkin miweçilik” kompaniýasynda her gün 4-5 tonna alma hasyly ýygnalýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Erkin miweçilik” hususy kärhanasynyň bagçylyk meýdanlarynda günde 4-5 tonna aralygynda alma hasyly ýygnalyp, ýurduň söwda nokatlaryna ugradylýar. Bu barada “Rysgal” gazetiniň duşenbe güni çap edilen sanynda habar berilýär.

“Erkin miweçilik” hususy kärhanasy Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň çäginde ýerleşip, döwlet tarapyndan bölünip berlen ýer böleginiň 44 gektaryny alma baglygy tutýar.

Habarda bellenilişi ýaly, bu kärhanada almanyň ýokary hasylyny berýän 5 görnüşi idedilip, olaryň nahallary daşary ýurtlardan getirildi.

“Rysgal” gazetinde çap edilen makala görä, bu ýerde almalar intensiw görnüşde ösdürilip ýetişdirilýär we alma baglarynyň her düýbünden ortaça 20-25 kilogram miwe alynýar.

Ýene degişli makalalar

Hokkeý boýunça halkara ýaryş: Atekäýew ― iň gowusy
AÇL. Pahtakor — Ahal oýnunyň esasy düzümleri belli boldy
Ikinji tapgyry geçiriler
Sagçy konserwatorlar ýeňiş gazandy
Gruziýanyň “Geosky Airlines” awiakompaniýasy Türkmenabada ilkinji ýük gatnawyny amala aşyrdy
Nebitmaş döwlet kärhanasynyň hünärmenleri dürli demirçilik işlerini ýerine ýetirýärler