Ermenistan Parahatçylyk ylalaşygy bilen bagly täze teklibini Azerbaýjana ugratdy

Ermenistan Parahatçylyk ylalaşygy bilen bagly täze teklibini Azerbaýjana ugratdy

Ermenistanyň resmi habarlar agentligi Armenpress tarapyndan berilen habara görä, Milli Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Armen Grigorýan Ermenistanyň döwlet telewideniýesine beren interwýusynda, Ermenistan-Azerbaýjan Parahatçylyk ylalaşygy bilen bagly tapgyryň üstünde durup geçdi.

Armen Grigorýan: "4-nji ýanwarda Ermenistan tarapy Azerbaýjanyň Parahatçylyk ylalaşygy bilen bagly teklibine jogap berdi. Tekliplerine 2 hepdäniň içinde jogap berdik. Indi bolsa Azerbaýjanyň jogabyna garaşýarys" diýip belledi.

Azerbaýjan bilen Parahatçylyk gepleşiklerinde öňe gidişlik edilip bilinmeýän käbir meseleleriň bardygyny aýdan Grigorýan: "Şol meselelerde-de gysga wagtyň içinde öňe gidişlik edip biljekdigimizi umyt edýäris. Çözgüt tapyp bilmedigimiz käbir mesleleriň, ikitaraplaýyn häsýetde üýtgeşme we gepleşikler arkaly netijelendiirilmeginiň we Parahatçylyk ylalaşygyna iň gysga wagtda gol çekilmeginiň mümkin boljakdygyny umyt edýäris" diýip nygtady.

Ýene degişli makalalar

Ermenistan Rus Serhetçileriniň Işiniň Bes Edilmegi Hakynda Karar Kabul Etdi
Eýran Zengezur Geçelgesini Milli Howpsuzlyga Abanýan Wehim Diýip Hasaplaýar
Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Wekilleri Ertir Brýusselde Duşuşar
Şamhani: Eýran Günorta Kawkaz sebitinde dowamly parahatçylygy ornaşdyrmak üçin hyzmatdaşlyga taýyn
Günorta Kawkazda parahatçylygy ornaşdyrmakda hyzmatdaşlyga Eýranyň taýynlygy
Pelosiniň jedelli saparlarynyň dowamy