Ermensitan Öz Ýalňyşlyklarynyň Jogapkärçiligini Başgalarynyň Üstüne Ýükleýär

Ermensitan Öz Ýalňyşlyklarynyň Jogapkärçiligini Başgalarynyň Üstüne Ýükleýär

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat sekretary Mariýa Zaharowa resmi Ýerewanyň Ermenistanyň Kollektiw howpsuzlyk ylalaşygy guramasyndan çykma ähtimallygy boýunça başladan çekeleşiginiň maksadynyn, öz ýalňyşlyklarynyň jogapkärçiligini başgalarynyň üstüne ýüklemekden ybaratdygyny aýtdy.

Zaharowa; “Ermenistanyň hamala diýersiňiz talaplaryna Russiýadan jogap alyp bilmändigi üçin alternatiw gözlemeli bolandygy hakyndaky sözler meniň pikirimçe öz jogapkärçiligini üstünden aýyrmak, öz ýalňyşlyklarynyň günäsini başgalarynyň üstüne ýükleme tagallasyndan başga zat däl diýdi.

Zaharowa şeýle hem; “Resmi Ýerawanyň Ermenistanyň daşary syýasat ugruny diwersifikasiýalaşdyrmak gakyndaky beýannamalaryny ugruny üýtgetmekden başga zat bilen düşündirip bilmerin. Bu mesele hakynda diňe bir beýannamalar eşitmek däl, işlerin hakykat ýüzünde nähili boljakdygyny görmek isleýäris” diýdi.

Zaharowanyň pikiriçe ermeni ýolbaşçylary bu diskurslary bilen “hakyky niýetlerini gizlemäge” çalyşýarlar. Maksatlary bolsa ýurduň daşary syýasatyny düýpleý özgertmek.

Zaharowa Ýerewanyň bu syýasaty günbataryň ugrukdyrmasy bilen saýlap aldy.

Ýene degişli makalalar

ÝB-niň Raýatlary Donbass Üçin Söweşmez
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Russiýa: "Ukraina Belgoroda hüjüm gurady" diýdi
Zaharowa: "ABŞ-nyň Ýakyn Gündogarda barlygy durnuklylyk getirmez" diýdi
Telegram Dagystanyň aeroportuny basyp almaga çagyran kanaly petikledi
Russiýa Fransiýa Reaksiýa Bildirdi