ERTEKILER DÜNÝÄSINE SYÝAHAT

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 61-nji çagalar bagynda Ertekiler dünýäsine syýahat ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.Gürrüňdeşlikde ata Watanymyzyň ýaş nesilleriniň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, döwrebap bilim-terbiýe almaklary, göwnejaý dynç almaklary, Watansöýüji, zähmetsöýer bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleriň döredilendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle hem “Türkmen halk ertekili” kitabyndan bolsa birnäçe ertekiler okaldy we şol ertekileriň gahrymanlary we olaryň häsiýetleri barada sorag-jogaplar alşyldy.

Bu geçirilen gürrüňdeşlik çagalarda uly täsir galdyrdy we çagalar özleriniň okan ertekileri barada gürrüň berdiler. Ýurdumyzda bagtyýar nesillerimiziň şadyýan gülki sesleriniň hemişe ýaňlanyp durmagy üçin bimöçber aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Ertekiler çagalaryň ruhy dünýäsiniň açary
Jadyly ertekiler
Türkmen halk ertekileri
ERTEKILERIŇ JADYLY DÜNÝÄSI
ERTEKILERIŇ TÄSIN DÜNÝÄSINDE
ERTEKILERIŇ JADYLY DÜNÝÄSI