Ertekiler dünýäsine syýahat

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Altyn damja” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde şadyýan dynç alýan çagalaryň arasynda Ertekiler dünýäsine syýahat ady bilen çeper okaýyş geçirildi. Çärede körpe nesilleri watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk, pähim-paýhas, mertlik ruhynda terbiýelemekde türkmen halk ertekileriniň ähmiýetiniň ulydygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de halk döredijiliginiň bu görnüşinde beýan edilýän wakalar çagalaryň geljek durmuş ýolunda gerek bolan endikleri, gylyk-häsiýetleri kemala getirmekde aýratyn orun eýeleýändigi hakynda aýtdylar we türkmen halk ertekileriniň birnäçe görnüşlerinden çeper okap berdiler. Çäräniň ahyrynda tomusky dynç alyş möwsüminde wagtlaryny şadyýan we hoş geçirmekleri üçin ajaýyp şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, halk bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Ertekileriň jadyly dünýäsi
ERTEKILERIŇ JADYLY DÜNÝÄSI
ERTEKILERIŇ TÄSIN DÜNÝÄSINDE
ERTEKILERIŇ JADYLY DÜNÝÄSI
ZEHINLI ÇAGALAR BILEN SÖHBETDEŞLIK
Aşgabatdaky Ertekiler dünýäsiniň şekil taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça bäsleşik yglan edildi