Ertirlik naharyny edinmegiň peýdalary…

Ertirlik naharyny edinmegiň peýdalary…

Ertirlik naharynyň iň esasy peýdasy metarbolizmanyň işleýişini çaltlandyrmagy we şeýlelikde günüň dowamynda has kaloriýa sarp etmegiňizi üpjün etmegidir. Ertirlik naharyny edinmän halatyňyzda bedeniňize gelýän görkezme, gelýän kaloriuýalary sarp etmegiň ýerine olary saklamagyň zerurlygydyr.

Ylmy barlaglar ertirk naharyny edinmedik adamlaryň günüň dowamynda has az kaloriýa almagyna garamazdan has iri beden gurluşy indeksine eýedigini ýüze çykardy.

Dürli barlaglar güne ertirlik nahary bilen başlamagyň dürli peýdalarynyň bardygyny ýüze çykardy. Olar:

· Bedeniň artykmaç agramynyň bolmazlygy,

· Günüň dowamynda has az sag sarp etmek,

· Günüň dowamynda gerek bolan kaliýniň has ýokary mukdarda üpjün edilmegi,

· Günlük gerek bolan süým mukdaryny üpjün etmek,

· Ýokary performansa eýe bolmak. Mekdep ýaşyndaky çagalar üçin ýatkeşligiň we ünsliligiň ýokary bolmagy,

· Güne saglyga peýdaly, kanagatlandyryjy nahar bilen başlan halatyňyzda, günüň dowamynda az ýokumly zatlar iýmäge üns berersiňiz.

Deňagramly ertirlik güýç berýär

Ertirlik naharyny edinmedikler günüň dowamynda fiziki taýdan passiw bolýar we energiýa sarp edişi azalýar. Sarp edýän energiýaňyz azaldygy saýyn horlanmak kynlaşýar. Uzak möhlet energiýasyz, ýagny aç galan beden, nobatdaky naharda iýilen azyklary ýaga öwürip, saklaýar. Şeýle zyýanly proseslere sezewar bolmazlyk üçin uýanandan soň 1 sagadyň dowamynda hökmany suratda ertirlik ediniň.

Ertirlik edinen adamlar, ertirlik edinmediklere görä ertirlerine fiziki taýdan has işjeňdir. Onuň sebäbi ertirlerine nahar iýmegiň güne ýokary energiýa bilen başlamagyňyzy üpjün etmegidir.

Ertirlik naharyny iýenler, günüň dowamynda ertirlik edinmediklere görä has köp kaloriýa alarlar, emma has işjeň bolandyklary üçin semremezler.

Oýanandan soň ertirlik edinip, gerek bolan energiýany almak fiziki we pisiki taýdan özümizi gowy duýmagymyzy üpjün eder. Ertirlik etmeýan adamlar ýadawlyk, güýçsüzlik, konsatrasiýa kadasyzlygy, ganyň düzümindäki süýjüniň azlygy we uzakly gün ukysyzlyk ýaly näsazlyklary başdan geçirýän bolsa, ertirlik naharyny iýenler has energiýaly bolýarlar.

Ýüregiňizi goraýar

Ertirlik naharyny iýmeýänleriň ýürek keseline sezewar bolma ähtimallygy, iýýänlere görä has ýokarydyr. Geçirilen barlaglara görä ertirlik naharyny iýmeýänler semreýär, ol hem süýji keseli, ýokary holesterin we ýokary gan basyşy ýaly ýarawsyzlyklara sebäp bolýar. Bular hem ýürek keseli howpuny artyrýar.

Ertirlik naharyny iýmeýänleriň beýleki naharlary köp iýýändigi we günüň dowamynda aşa köp iýýändikleri çaklanylýar.

Ýat we ünslülik üçin

Ertirlik edinmegiň konsantrasiýany güýçlendirmek, ünsüňiziň sowulmagynyň öňüni almak we ýady güýçlendirmek ýaly täsirleri bardyr. Beýni üçin gerek bolan energiýany işläp çykaryp, öwrenme ukybyny artyrýar. Ertirlik edinmän halatyňyzda bolsa uzaga çeken açlyk möhleti, ganyň düzümindäki süýjüniň iň aşak çäge düşmegine sebäp bolýar we beýni ýeterlik glýukoza bilen üpjün edilmeýär. Ol hem konsantrasiýanyň azalmagyna, netijeliligiň aşaklamagyna, önjeýliligiň azalmagyna sebäp bolýar.

Ertirlik hem ulularda hem-de çagalarda ýady, konsantrasiýany, maglumatlaryň seljerliş tizligini, akyl ýetirmegi, öwrenmegi we gepleme ukybyny kämilleşdirýär.

Süýji keseli howpuny azaldýar

Ertirlik naharyny ir edinmek, süýji keseline sebäp bolýan ganyň düzümindäki süýjüniň durnuksyzlanmagynyň öňüni alýar.

Geçirilen barlaglardan birinde ertirlik naharyny edinýänleriň süýji keseli bilen keselleme howplary has azdygy ýüze çykaryldy.Ertirlik naharyny edinmeýanleriň nahardan soň süýji we insulin görkezijileri has ýokary bolýar we ertirlik naharyny edinmezlik bedeniň insuline bolan hüşgärligini kadasyzlaşdyrýar. Şol bir wagtda ertirlik naharyny etmeýänleriň günüň dowamynda has köp ajykmaklary we has köp nahar iýmegi ähtimaldyr.

Ol hem süýji metobolizmasyny bozýar.Olar hem süýji keseline sebäp bolýar.

Saç dökülmesiniň öňüni alýar

Ertirlik naharyny edinmezlik, saç dökülmesini artdyryp bilýär. Proteini ýokary bolan ertirlik edinmek, saçy güýçlendirýär we saçyň sagdynlygyny üpjün edýär.

Kelle agyrysynyň we çakyzanyň öňüni alýar

Ertirlik edinmezlik, ganyň düzümindäki süýjüniň pesligi sebäpli kelle agyrysy we çakyza ýaly ýarawsyzlyklara sebäp bolup bilýär. Ertirlik naharyny iýmezlik çakyza kelesine sebäp bolýar.

Bedeni gerek bolan süým bilen üpjün etmek

Ertirlik, ýokary mukdarda siňdirilýän süým almak üçin iňňän amatly wagtdyr.

Ruhy hal-ýagdaýyň gowulygy

Ertirlik naharyny gowy we şadyýan bolmagy ruhy taýdan sizi güýçlendirer. Geçirilen barlaglara görä gije ukysyndan oýnandan soň, ertirlik nahary beýniňiziň süýji ammarlaryny doldurar. Ertirlik edinenleriň esasy köplügi has bagtyýar we asuda bolýar.

Ertirlik naharyny nähili bolmaly?

Ertirlik naharynyň netijeliliginden iň ýokary derejede peýdalanmak üçin; köke, külçe ýaly düzüminde ýokary mukdarda ýag bolan we çalt ajykdyrýan azyklardan daşda duruň. Onuň ýerine iň gowy ertirligiň bugdaý çöregi, peýnir, ýumurtga, pomidor, hyýar, zeýtun ýa-da hoz ýaly azyklardan ybaratdygyny biliň we şolary iýmäge üns beriň.

Ýene degişli makalalar

Dok tutýan azyklar…
Ertir “COP28” öz işine başlar
Nämäni haçan iýmeli?
Ilham Aliýew SPECA ýurtlarynyň sergisinde türkmen önümleri bilen tanyşdy
Aşgabatda Eýranyň ýöriteleşdirilen sergisi açyldy
Bedeni gyş paslyna taýýarlamagyň usullary