Esasy Sebäp HK gozgalmaýan emläk meseleleri boýunça hyzmatlaryň giň toplumyny hödürleýär

Esasy Sebäp HK gozgalmaýan emläk meseleleri boýunça hyzmatlaryň giň toplumyny hödürleýär

Esasy Sebäp hususy kärhanasy Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna gozgalmaýan emläk bilen baglanyşykly dürli görnüşli amallary ýerine ýetirmek boýunça öz hyzmatlaryny hödürleýär.

Esasy Sebäp öýi ýa-da jaýy satyn almaga ýa-da satmaga, ýaşaýyş jaýyny ýa-da ofis otagyny kärendesine almaga ýa-da bermäge kömek eder. Gozgalmaýan emläk boýunça giňişleýin maglumatlar binýady (arzan we saýlama öýler, kottejler, bir gatly jaýlar, ofis otaglary üçin meýdançalar) müşderileriň islendik islegleri boýunça iň amatly nusgalary tapmak meselelesini üstünlikli çözmäge mümkinçilik berýär.

Şeýle hem Esasy Sebäp gozgalmaýan emläk bilen baglanyşykly islendik resminamalary taýýarlamakda hyzmatdaşlyk etmegi teklip edýär: satyn almak we satmak, hususylaşdyrmak, sowgat bermek, miras goýmak, mirasy resmileşdirmek, patentleri resmileşdirmek, ýitirilen gozgalmaýan emläk resminamalaryny dikeltmek.

Esasy Sebäbiň beýleki hyzmatlarynyň hatarynda islendik çylşyrymlylykdaky we göwrümdäki öýleri hem-de ofisleri abatlamak, şol sanda bezemek işleri hem bardyr.

Esasy Sebäp HK işleriň ähli görnüşlerini ýokary hilli, gysga wagtyň içinde we amatly bahalaryndan ýerine ýetirýär. Töleg öňünden tölemezden, nagt däl görnüşde kabul edilýär.

Kärhananyň ofisi şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat, Parahat-7/2 kiçi etrapçasy, 6-njy jaý.

Habarlaşmak üçin telefon: (+993 65) 97 20 55.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko Russiýanyň Parahatçylyk gaznasy tarapyndan sylaglanyldy
Ýörite geýimler dünýäsi HK myhmanhana-restoran işewürligi (HoReCa) üçin geýimleri tikmek hyzmatyny hödürleýär
Türkmen BerkMetal Türkmenistanda ekologik taýdan howpsuz öý himiýa serişdelerini öndürýär
Balkan zawody täze gury ýük gämileri üçin IMO belgileri aldy
Rowachlan Galkynysh TSSE-de geçýän sergide gaplama önümleriniň üstünliklerini tanyşdyrýar
Türkmen aýakgap öndürijisi Röwşen Aşgabatdaky sergä gatnaşmaga çagyrýar
Ýönekeý HK: Hytaýyň orta we ýokary okuw mekdeplerine girmäge kömek edýär