Eýran bilen Türkmenistan giňişleýin ulag resminamasyny taýýarlaýarlar

Eýran bilen Türkmenistan giňişleýin ulag resminamasyny taýýarlaýarlar

Eýranyň ýol we şäher gurluşygy ministri Mehrdad Bazrpaş Aşgabat şertnamasynyň işjeňleşmegine ünsi çekmek bilen, Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda giňişleýin ulag resminamasynyň taýýarlanylýandygyny habar berdi. Muny ol sişenbe güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory bilen bolan duşuşygynda aýtdy.

Bazrpaş iki ýurduň ulag meselesinde köp umumylyklarynyň bardygyny bellemek bilen, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtady.

Biziň Hökümetimiziň çemeleşmeleri ähli goňşular bilen, şol sanda Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen diýip, Eýranyň ulag we şäher gurluşygy ministri belledi.

Bazrpaş Sarahs we Inçeh-Borun umumy serhet geçelgelerinden her gün 600 wagonyň geçýändigini mälim etdi hem-de bu serhet geçelgeleriniň mümkinçiligini göz öňünde tutup, wagonlaryň mundan beýläk-de köpelip biljekdigini aýtdy.

Eýranyň ministri Aşgabat şertnamasynyň gaýtadan dikeldilmegini nygtap, geljek aý Türkmenistanda geçiriljek Eýran bilen Türkmenistanyň bilelikdäki ykdysady komissiýasynda Aşgabat üstaşyr şertnamasynyň durmuşa geçirilişiniň we iş tapgyrynyň dowam etdirilmegini teklip etdi.

Ýene degişli makalalar

Eýran-Türkmenistan demirgazyk-günorta demir ýol geçelgesinde üstaşyr kuwwatynyň artdyrylmagy teklip edilýär
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Russiýadan Saud Arabystanyna barýan ilkinji ýük otlusy Türkmenistandan geçdi
Türkmenistan bilen Eýran elektrik energiýasynyň alyş-çalşygyny 1000 MWt-a çenli artdyrar
Demirgazyk—Günorta ulag geçelgesinde eksport-import ýükleri üçin nyrhlar arzanlady
“RŽD Logistika” Demirgazyk-Günorta geçelgesi boýunça ýük daşamalarynyň nyrhnamalaryny peseltmegi meýilleşdirýär