Eýran käbir ýurtlardan syýahatçylary çekmegi meýilleşdirýär

Eýran käbir ýurtlardan syýahatçylary çekmegi meýilleşdirýär

Häzirki wagtda Eýran üçin dört topar boýunça 30 ýurt syýahatçylyk maksatly ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlendi. Bu barada Eýranyň Medeni miras, hünärmentçilik we syýahatçylyk ministrliginiň daşarky syýahatçylygy ösdürmek boýunça baş direktory Leýla Aždariniň sözlerine salgylanyp, trend.az habar berýär.

Ol Hytaýy, Yragy, Azerbaýjany, Türkiýäni we Omany syýahatçylary çekmek üçin Eýranyň ilkinji ileri tutýan ýurtlary hökmünde görkezdi.Owganystan, Hindistan, Pakistan we Russiýa hem syýahatçylyk maksatly ýurtlaryň ikinji toparyna girdi diýip, ol aýtdy.

Syýahatçylygy ösdürmek üçin goňşuçylyk, umumy serhetler we ýakynlyk esasy şertlerdir.Hindistan biziň goňşymyz bolmasa-da, taryhy we medeni ýakynlyk bu ýurdy ileri tutulýan ilkinji döwlete öwürýär diýip, Aždari belledi we umumy hem-de dürli görnüşli bazarlaryň bolmagy ýa-da Hytaý we Russiýa ýaly syýasy hem-de ykdysady gatnaşyklar strategik derejede bolan ýurtlaryň hem syýahatçylygy ösdürmek boýunça Eýranyň görkezijilerine laýyk gelýändigini nygtady.

Onuň sözlerine görä, Germaniýa, Italiýa, Fransiýa, Katar, Kuweýt, Ýaponiýa, Günorta Koreýa, Ispaniýa, Gazagystan we Birleşen Arap Emirlikleri syýahatçylyk maksatly ýurtlaryň üçünji toparynyň sanawyna girdi. Dördünji topara bolsa Beýik Britaniýa, Şweýsariýa, Şwesiýa, Awstriýa, Malaýziýa, Niderlandlar, Gruziýa, Belgiýa, Daniýa we Liwan ýaly ýurtlar girizildi.

Ýene degişli makalalar

Syýasy tussag Gulgeldi Annanyýazowyň sürgün möhleti gutardy
1-nji iýun Çagalary goramagyň halkara güni
“Tagtlaryň oýnunyň” prikweli awgustyň aýagynda ekrana çykar
Aždarhanyň öýi atly köp bölümli filmiň surata düşüriliş işleri tamamlandy
Hytaýyň ýaşaýjylary gök suw barsynyň Täze ýylyny garşy aldylar
Amerikan aktýory we başa-baş söweş sungatlarynyň ussady Bob Uoll aradan çykdy
Aždarhalaryň zyndanynyň surata düşüriş işleri wagtyndan ozal tamamlandy