Tähranyň geçen 2022-nji ýylyň mart-sentýabr aýlary aralygynda daşary döwletlere nebitiň satuwyndan girdejisi 26 milliard dollara deň boldy.
Bu barada ýurduň Nebiti, gazy we nebithimiýa önümlerini eksport edijileriniň birleşiginiň resmi wekili Hamid Hoseýni habar berdi diýip, IRNA habarlar gullugyna salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.
Şunlukda, görkezilen döwürde girdejiler 2021-nji ýylyň mart-sentýabry aralygyndakydan 44 göterim artyk boldy, şonda Eýran 18 milliard dollar girdeji alypdy. Hoseýniniň aýtmagyna görä, eýran nebitiniň söwdasynda Hytaý möhüm orna eýe boldy.
Eýranyň wekili şeýle-de Tähranyň we Pekiniň nebit pudagynda bilelikdäki taslamalary meýilleşdirýändigini habar berdi.