Real we Mançester Siti ÝÇL-iň çärýek finalyna çykdy

Real we Mançester Siti ÝÇL-iň çärýek finalyna çykdy

Ýewropa çempionlar ligasynyň häzirki çempiony Angliýanyň Mançester Siti topary ÝÇL-iň 1/8 final tapgyrynyň jogap oýnunda öz öýünde Daniýanyň Kopengagen klubuny kabul edip, 3:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Sitiniň düzüminde Manuel Akanji (5), Hulian Alwares (9) we Erling Holand (45+3) tapawutlandy. Bu jübütiň deslapky oýnunda hem Hosep Gwardiolanyň topary şol hasapda garşydaşyndan üstün çykdy.

Günüň beýleki gapma-garşylygynda Ispaniýanyň Real kluby öz öýünde Germaniýanyň Leýpsig topary bilen 1:1 hasabynda deň oýnady. Duşuşykda ýer eýeleriniň goluna Winisius (65), myhmanlaryň goluna bolsa Willi Orban (68) awtorlyk etdi. Şeýlelikde, toparlaryň arasyndaky birinji oýunda myhmançylykda 1:0 hasabynda gazanylan ýeňiş, Realy indiki tapgyra çykardy.

Mundan ozal PSŽ we Bawariýa toparlarynyň ÝÇL-iň çärýek finalyna çykandyklaryny habar beripdik. Turniriň ýene 4 sany çärýek finalçysy 12-13-nji mart günlerine anyklanar.

ÝÇL-iň çärýek finalynyň bijesi 15-nji martda çekiler. Çärýek finalyň deslapky oýunlary 9-10-njy aprelde, jogap oýunlary bolsa 16-17-nji aprelde geçiriler. Ýaryşyň finaly 1-nji iýunda London şäherindäki Uembli stadionynda oýnalar.

Ýene degişli makalalar

“Real Madrid” her gezegem toparçadan çykmagy başardy
“La Ligada” “Žironanyň” liderligi dowam edýär
“Altyn top” baýragyna 8-nji gezek Lionel Messi laýyk görüldi
Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
Çempionlar Ligasynda myhmançylykdaky toparlar hezil etdi
“Barselona” ýeňillik, “Real Madrid” kynlyk bilen çärýek finala çykdy