Eýran türkmen we rus tebigy gaz serişdelerini islendik ugur boýunça geçirip bermegi teklip edýär

Eýran türkmen we rus tebigy gaz serişdelerini islendik ugur boýunça geçirip bermegi teklip edýär

Eýran Türkmenistanyň we Russiýanyň tebigy gazyny islendik ugur, şol sanda Günorta Aziýa ugry boýunça öz çäginden geçirip bermegi teklip edýär.

Eýranyň Gaz inženerçiligi we ösüş kompaniýasynyň direktory Reza Nowşadi Aşgabatda 15-nji fewralda öz işine başlan Eýranyň önümleriniň ýörite sergisinde žurnalistlere beren interwýusynda Eýranyň türkmen we rus tebigy gaz serişdelerini islendik ugur boýunça geçirip bermäge taýýardygyny aýtdy.

“Bu babatda bizde birnäçe teklipnama bar. Biz “Gazproma” we “Türkmengaza” resmi taýdan teklip etdik we maslahat berdik Eýran demirgazykda Türkmenistandan we Russiýadan gaz almaga, hem-de ony günortada islän ýurtlaryna geçirip bermäge taýýar” diýip, Nowşadi aýtdy.

ABŞ-nyň we Ýewropa Bileleşiginiň berk ykdysady sanksiýalary astynda galýan Russiýa we Eýran Moskwanyň bir ýyl töweregi ozal Ukraina garşy girişen harby çozuşynyň yz ýany, söwda-ykdysady we beýleki ugurlarda has ýakyn özara hyzmatdaşlyga ymtylýar.

Eýranly resminiň türkmen we rus tebigy gaz serişdeleriniň Eýranyň üstünden geçirilmegi bilen bagly berýän beýanatlary Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasynyň başlygy Alekseý Milleriň 15-nji fewralda Aşgabada sapar edip, Türkmenistanyň döwlet ýolbaşçylary bilen energiýa pudagynda hyzmatdaşlygy maslahat edýän wagtlaryna gabat gelýär.

Biraz öň, “Biznes Türkmenistan” hökümetçi türkmen neşiri 13-nji fewralda eýran metbugatyna salgylanyp, Eýran bilen Russiýanyň arasynda gaz we nebit swap ylalaşygynyň tehniki meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny habar berdi.

Habarda aýdylmagyna görä, Eýran bilen Russiýanyň arasyndaky gaz alyş-çalyş ylalaşygynyň birinji tapgyrynyň şu ýylyň mart aýyna çenli türkmen turbageçirijileriniň üsti bilen durmuşa geçirilip başlanmagyna garaşylýar. Russiýa Eýranyň üsti bilen, gaz alyş-çalyş ylalaşygy arkaly, 10 milliard kub metre çenli tebigy gazy beýleki ýurtlara ibermegi göz öňünde tutýar.

Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda ozal hem gaz swap ylalaşygy esasynda Azerbaýjana gaz eksport edilýärdi.

Britaniýaly energetika hünärmeni we düýbi ABŞ-da ýerleşýän “Transhazar resurslary” kompaniýasynyň maslahat beriş geňeşiniň agzasy Jon Roberts 17-nji fewralda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Eýran, Russiýa we Türkmenistany öz içine alýan täze gaz ylalaşyklarynyň mümkinçiliklerine syn berdi.

Energetika pudagynda hyzmatdaşlyga ymtylýan üç ýurduň üçüsi-de tebigy gaz serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde iň öňdäki orunlary eýeleýärler.

“Näme üçin Türkmenistan öz gazyny Eýrana iberip, ondan girdeji gazanyp bilýän mahaly, müň kilometrlik gaz geçirijiniň üsti bilen Russiýanyň gazyny eksport etmäge kömek etsin!? Türkmenistanyň üsti bilen Russiýanyň gazynyň eksport edilmegi heňe gelmeýär” diýip, Roberts Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Biraz öň, “Gazprom” kompaniýasynyň wekiliýetiniň 15-nji fewralda Aşgabada eden saparynyň yz ýany, rus dilli mediada Russiýanyň türkmen gazynyň Transhazar arkaly iberilmeginiň öňüni baglamagy, şeýle-de Russiýanyň Türkmenistana Eýranyň üsti bilen Türkiýe ugry boýunça gaz üpjünçiligine goşulmagy teklip etmegi ýaly habarlar peýda boldy.

Britaniýaly energetika bilermeni rus wekiliýetiniň Aşgabada “Hazarüsti geçiriji taslamasynyň petiklenmegi” bilen bagly aýdanlary baradaky maglumatlaryň tassyklamalara mätäçdigini, ýöne şeýle talaplar edilen bolsa, munuň Türkmenistanyň özygtyýarlylygyna zyýan ýetirýändigini aýtdy.

“Birinjilik bilen, beýanatyň anyk çeşmesi nämälim galanda hökman hüşgär bolmaly.Bu beýanaty aýdan adam hökümet resmisimi, 'Gazprom' resmisimi, parlament resmisimi, ýa näme, biz bilmeýäris. Şonuň üçin, hüşgär bolmaly.

Russiýanyň Hazarüsti geçirijisiniň öňüni baglaýandygy baradaky maglumatlar heniz tassyklanylmady. Ýöne biz bir zady bilýäris: Rus Dumasynda, rus parlamentinde Hazarüsti gaz geçirijisiniň öňüniň baglanylmalydygyna ynanýan parlament agzalary bar” diýip, britaniýaly energetika eksperti Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Şeýle-de, ekspert Russiýanyň Transhazar gaz geçirijisi taslamasyny oňlamaýandygyny, oňa on ýyl bäri garşy çykýandygyny, bu maglumatlaryň onsuz hem, köpçülige mälim bolandygyny gürrüň berdi.

“Möhüm sorag: eger-de, üns beriň, bu ýerde eger-de’ diýýäris, eger-de Russiýa Hazarüsti gaz geçirijisiniň öňüni baglamak babatda işjeň herekete geçýän bolsa, bu Türkmenistanyň özygtyýarlylyk hukuklarynyň bozulmagy bolýar, Türkmenistanyň, Günbatar ugry boýunça, umuman islendik ugur boýunça öz gazyny eksport etmek hukugynyň bozulmagy bolýar” diýip, ekspert Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Ýewraziýa döwletleriniň gün-tertibindäki möhüm wakalar
ÝB-niň Russiýa garşy 10-njy sanksiýa bukjasy güýje girdi
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Türkmenistan bilen Russiýa bilelikde sanly parlament kitaphanasyny dörederler
Serdar Berdimuhamedow ýanwar aýynyň jemlerine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi
Türkmen-rus parlamentara hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy