
Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň başlygy Özbegistanyň Kanunçylyk mejlisiniň başlygy bilen duşuşygynda iki ýurduň arasyndaky söwdanyň iki milliard dollara çenli ýokarlanmagyna ünsi çekdi.
Eýranyň mejlis başlygy Özbegistanyň resmileri, şol sanda ýurduň parlamentleriniň başlyklary we prezidenti bilen duşuşmak we gepleşik geçirmek üçin sişenbe güni Daşkende gitdi.
Eýranyň Mejlis başlygy Muhammet Bager Galibaf, Özbegistanyň Kanunçylyk mejlisiniň başlygy Nuruddin Jan Ysmaýylow bilen duşuşanda, Özbegistana saparynyň iň möhüm üstünliklerinden biri ykdysady we medeni ugurlarda gatnaşyklaryň ösdürilmegi bolmalydygyny aýtmak bilen Söwda dolanşygyny iki milliard dollara çenli ýokarlandyrmak bu saparda amala aşyrylyp bilinjek maksatlaryň biridir diýdi.
Galibaf, Eýran Yslam Respublikasyndaky 11-nji mejlisiň we 13-nji hökümetiň esasy strategiýasynyň goňşulary, sebit ýurtlary, esasanam yslam ýurtlary bilen ähli taraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekdigini aýtdy.
Eýranyň Mejlis başlygy Yslam respublikasynyň häzirki döwürde Özbegistana möhüm rol oýnaýandygyny aýtdy we Eýran bilen Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň üstaşyr geçiş pudagynda, esasanam Özbegistanyň Pars aýlagynyň we Oman deňziniň açyk suwlaryna elýeterliligi üçin uly mümkinçilik döredip biljekdigini aýtdy.
Galibaf, şeýle hem ABŞ-nyň Eýran Yslam Respublikasyna garşy ähliumumy halkara kanunlaryna garşy birtaraplaýyn sanksiýalaryna yşarat edip sanksiýalara garamazdan, Eýran inženerçilik, kiber, saglyk, ylmy we bilim esasly hyzmatlar pudagynda öňdebaryjy ýurtlaryň biri bolandyr diýdi.