Eýranda ABŞ-nyň 4,3 Milliard Dollara Jerime Tölemegi Üçin Höküm Çykaryldy

Eýranda ABŞ-nyň 4,3 Milliard Dollara Jerime Tölemegi Üçin Höküm Çykaryldy

Eýranyň Talyplar habarlar gullugynyň mälim etmegine görä Eýranyň Ýokary Kazyýetinin Adam hukuklary bölüminden berilen ýazmaça beýannamada, janyna kast edilen atom bilermenleriniň hossarlary tarapyndan ABŞ-na garşy gozgalan kazyýet işi hakynda maglumat berildi.

Beýannamada; “Tähranyň 55-nji Ýokary derejeli kazyýeti, öldürilen bilermenleriň käbirleriniň hossarlarynyň şikaýaty sebäpli gozgalan kazyýet işinde atom bilermenleriniň janyna kast etmek jenaýatyny işlän Ysraýyly halkara borçlaryna garamazdan goldan ABŞ-nyň hökümetine, edaralaryna we olaryň ýolbaşçylaryna 4,3 milliard dollarlyk material we ruhy jerime tölemek boýunça höküm çykaryldy” diýilýär.

Şol kazyýet işiniň Amerikan hökümetine garşy hukuky garşylyk görnüşinde alynyp barylýandygyna üns çekilýän beýannamada, ABŞ-nyň kazyýetleriniň dürli bahanalar bilen Eýrana garşy kararlar çykarandygy, resmi Tährany, käbir döwlet edaralarynyň we guramalarynyň jerime tölemegi hakynda gaýybana höküm çykarandygy ýatladylýar.

Ýene degişli makalalar

“Şwesiýa Bilen Finlýandiýanyň NATO Agzalygynyň Jerimesi Agyr Bolar”
Agtyk küýseýän ene-ata ogly bilen gelnini kazyýete berdi
Ýol polisiýasy ýaşyl döwlet belgili awtoulaglary awlaýar
“Russiýa Jerimesini Çekmeli”
Google Awstraliýada 58,4 Million Dollar Jerime Tölär
“Başgalarynyň Hasabyna Oýun Oýnasaňyz Jerimesini Çekmeli Bolarsyňyz”