“Başgalarynyň Hasabyna Oýun Oýnasaňyz Jerimesini Çekmeli Bolarsyňyz”

“Başgalarynyň Hasabyna Oýun Oýnasaňyz Jerimesini Çekmeli Bolarsyňyz”

Ministr Çawuşogly paýtagt Ankarada guralan maslahatyň açylyşynda sözlän sözünde; “Hemmeler parasatly çemeleşsin. Esasanam Gresiýa aýdýarys. Başgalarynyň oýnatgysy bolmaň. Meçew bermeleri dowam etdirmäň, sebäbi Türkiýäniň dostlugy gadymy, duşmançylygy wehimdir. Muny ýatdan çykarmaň” diýdi.

Çawuşogly: “Biz Egeýiň iki kenarynda goňşuçylyk hukuklaryna sarpa goýalyň diýýän bolsak, grek henizem meçew bermäge dowam edýär. Başgalarynyň hasabyna oýuna goşulsaňyz jerimesini çekmeli bolarsyňyz. Bu Gresiýa üçin duýduryşdyr” diýdi.

Awgust aýynyň ahyrynda Egeý we Gündogar Ortaýer deňizinde iş alyp barýan türk harby uçarlaryna Gresiýa degişli S-300 howa goranyş lgamy tarapyndan radiolokasiýa gulpy açylypdy.

Soňky gezek, geçen hepdäniň ahyrynda Gresiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk güýçleriniň gämileri Egeý deňizinde halkara suw giňişliginde barýan söwda gämisine meçew beriji od açypdy.

Ýene degişli makalalar

Türkiyäniň Daşary işler ministri BMG-nyň Baş sekretary bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Türki Döwletleriň Guramasy Biziň Iň Uly Arzuwymyzdy
Türkiyäniň Daşary işler ministri Müsürde saparda bolar
Çawuşogly Guterriş we Billstrem bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Mewlüt Çawuşogly Müsürde saparda bolýar
Çawuşogly: "Şwesiýanyň ädimleri ýeterlik derejede däl" diýdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny