Eýranda Bikanun Ýollardan Ýangyç Daşaýan 4 Gämi Saklandy

Eýranda Bikanun Ýollardan Ýangyç Daşaýan 4 Gämi Saklandy

Eýran, Pars Aýlagynda bikanun ýollardan 270 müň litrden gowrak ýangyç alyp barýan 4 gäminiň saklanandygyny habar berdi.

Eýranyň Adalat organyna degişli “Mizan” habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Pars aýlagynda Eýranyň suw giňişliginde bikanun ýollardan ýangyç alyp barýan 4 gämi saklandy. Şol gämilerde 270 müň litreden gowrak ýangyç ele geçirildi.

Habarda, gaçgaklaryň gämileriň diwarlarynda ýörite bölümler taýarlap bikanun ýollardan ýangyç daşaýandygynyň anyklanylandygy ýatladyldy.

Ýene degişli makalalar

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň 5+1 formatyndaky maslahatlary
Türkiye Syýahatçylyk Pudagynda Maksatlaryna Ýetýär
Dünýä Ýurtlary TUSAŞ-a Guralan Hüjümi Ýazgardy
Türkmenistanda köp aýallyk soraga alynmaýan 'adaty ýagdaýa' öwrüldi
Türkiýe türkmen raýatlary üçin migrasiýa talaplaryny hasam güýçlendirýär
Italiýadaky gaýyk heläkçiliginde ýogalan adamlaryň sany artdy