Eýranda çägeli tupan başdan geçirilýär

Eýranda çägeli tupan başdan geçirilýär

Eýranyň resmi habarlar agentligi IRNA beýannama beren Sistan-Belujistan welaýatynyň Meteorologiýa gullugynyň baş direktory Muhsin Haýdari, sebitde çägeli we tozanly tupanyň täsirini dowam etdirýändigini habar berdi.

Eýranly resmiler ýaramaz howa şertleri sebäpli welaýatyň demirgazygynda ýerleşýän Zabul, Hamun, Zehek, Hirmend we Nimruz şäherlerinde ähli döwlet edaralaryna 1 günlük arakesme berilendigini mälim etdi.

Dem alyş ýollary boýunça kynçylyk çekýän adamlar başda bolmak bilen syrkaw adamlaryň daşaryk çykmazlyklary barada çagyryş beren Haýdari, daşaryk çykmaga mejbur bolan adamlara bolsa örtük dakmaklary barada maslahat berdi.

Çägeli tupan sebäpli düýn hem Zabul, Zehek, Hamun, Hirmend we Nimruz şäherlerindäki ähli döwlet edaralaryna we banklara arakesme berilipdi.

Ýene degişli makalalar

Lebapda ýene gum sowrulyp, tozan turdy
Dagystanly şahyryň Garagum derýasy baradaky goşgusy türkmen metbugatynda çap edildi
Müsüri çägeli harasat, çabga we tupan basdy
Türkmenistan süýşýän çägelere garşy göreşýär. Gaz ýatagynyň işgärleri gamyşdan böwet örýär
Dünýä habarlary gysga setirlerde
Çäge heýkelleriniň sergisi