Eýranda Guralan Hüjümde 2 Adam Öldürildi

Eýranda Guralan Hüjümde 2 Adam Öldürildi

Eýranyň günorta gündogarynda ýerleşýän Sistan-Buluçistan welaýatynda howpsuzlyk güýçleri tarapyndan ýaragly uçarmansyz howa ulagy bilen guralan hüjümde 2 adam öldürildi.

Eýranyň resmi IRNA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, howpsuzlyk güýçleri tarapyndan welaýatyň Şuru etrapçasynda terror guramasyna degişli ulag, ýaragly uçarmansyz howa ulagy tarapyndan nyşana alyndy.

Hüjümde 2 adamyň öldürlendigi bellenildi.

Habarda “terrorçylar” hökmünde häsiýetlendirlen şahyslaryň haýsy gurama agzadyklary hakynda bolsa maglumat berilmedi.

Eýranyň günorta gündogarynda ýerleşýän Pakistanda serhedindäki Sistan-Buluçistan welaýatynda Jeýşul Adl atly gurama wagtal-wagtal ýaragly we bombaly hüjümler guraýar.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Damaska Hüjüm Gurandygy Habar Berildi
Eýranda Ynkylap Goragçylarynyň Desgalaryna Hüjüm Guraldy
Pakistanda guralan hüjümde 2 adam ýogaldy
22-nji martda anna güni Russiýada terrorçylykly hüjüm guraldy
ABŞ-nyň Siriýadaky Bazasyna Hüjüm Guraldy
Eýran-Ysraýyl Dartgynlygy