Eýranda Ynkylap Goragçylarynyň Desgalaryna Hüjüm Guraldy

Eýranda Ynkylap Goragçylarynyň Desgalaryna Hüjüm Guraldy

Eýranyň günorta-gündogaryndaky Sistan-Bulujystan welaýatynda Ynkylap goragçylarynyň goşunyna degişli desgalardan birine we iki polis merkezine şol bir wagtda ýaragly hüjümler guraldy. Hüjümde 3 howpsuzlyk gullukçysy öldi.

Eýranyň döwlet teleýaýlymynyň habar bermegine görä Sistan-Bulujystan welaýatynyň häkiminiň orunbasary Ali Ryza Merhemeti “Ras we Çabahardaky harby bazalara terror hüjümleri guraldy. Ýagdaý gözegçilik astynda we waka hakynda giňişleýin maglumat beriler” diýdi.

Merhemeti soň döwlet teleýaýlymyna beren beýannamasynda hüjümlerden soň garşylyk görkezilmegi sebäpli bolan çaknyşykda 3 howpsuzlyk gullukçysynyň ýogalandygyny aýtdy.

Jaýşul Adl guramasy bolsa sosial media hasaplaryndan hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Eýranda terror guramasy kabul edilýän “Jaýşul Adl” “Sünni buluç halkynyň hukuklaryny goraýandygyny” öňe sürüp, ýurduň günorta-gündogaryndaky Pakistan serhedinde ýerleşýän Sistan-Bulujystan welaýatynda wagtal-wagtal Eýrana garşy ýaragly aksiýalar guraýar.

Ýene degişli makalalar

Zaporožýe Ýadro Bekedine Hüjüm Guraldy
Ysraýylyň Damaska Hüjüm Gurandygy Habar Berildi
Eýranda Guralan Hüjümde 2 Adam Öldürildi
Eýran-Ysraýyl Dartgynlygy
ABŞ-nyň Siriýadaky Bazasyna Hüjüm Guraldy
BMG, Eýran-Ysraýyl Dartgynlygynyň Möwjemegine Alada Bildirýär