Eýranyň ISNA habarlar agentligine beýanat geren Maşad şäheriniň Saglygy goraýyş ylymlar uniwersitediniň rektorynyň orunbasary Mehdi Kelýan: "Gynansagam düýn Maşad şäherinde 10-dan gowrak adamda koronawirusyň Delta görnüşi anyklandy" diýip habar berdi.
Testleriň barlagdan geçirilmegi maksady bilen Tährana ugradylandygyny aýdan Kelýan: "Ady agzalan wakalaryň Delta görnüşidigi çürt-kesik, emma gutarnykly netije üçin Tähran tarapyndan kesgitlenmeli" diýip aýan etdi.
Ilkinji gezek Hindistanda hasaba alynan we Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy tarapyndan aladalandyryjy hökmünde häsýetlendirilen koronawirusyň Delta görnüşiniň, ýokary derejedäki ýokançlygy sebäpli ýakyn wagtda dünýä derejesinde ýaýramagyna alada bildirilýär.
