Germaniýada Kovid-19 Testleri Tölegli Boldy

Germaniýada Kovid-19 Testleri Tölegli Boldy

Sanjym etdirmedikler ýa-da Kovid-19 ýokanjyna ýoluganlardan test düzgünine geçen ýerlere barmak üçin islenýän negatiw test netijelerini görkezmekleri soralar.

Göwreli zenanlar, 12 ýaşyndan kiçi çagalar, garrylar öýleri bilen hassahanada ýakynlaryny görmäge barýanlar üçin Kovid-19 testi tölegsiz bolmagynda galar.

Şulardan başga raýatlar test merkezlerinde etdirjek testleriniň tölegini tölemeli bolarlar.

Kovid-19 gyssagly antigen testiniň bahasy ştatlara görä 18-40 ýewro aralygynda.

Nemes Lukmanlar Birleşmesinden berilen beýannamada bolsa testleriň tölegli bolmagy tankyt edilen bolsa, onuň raýatlaryň hiç hili test etirmezligi manysyny aňladyp biljekdigi, şol sebäpli ýokanja sezewar bolanlaryň sanynyň artyp biljekdigi nygtalýar.

Germaniýada hökümetiň pandemiýanyň başyndan 2021-nji ýylyň 15-nji sentýabryna çenli test tölegleri üçin 5,3 milliard ýewro serişde sarp edendigi habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Iş Nokady: IELTS synagyna Aşgabatda ýokary derejeli taýýarlyk okuwlary
Çäklendirmeler gowşady: Aşgabadyň bazarlarynda dollar we altyn satylýar, telekeçiler "töleg" töleýär
Gotham Awards baýraklaryna dalaşgärler yglan edildi
Synaglar, alamatlar, netijeler. Türkmen epidemiologlary yzygiderli işleýärler
Maryda keselleýänler köpelýär, lukmanlar hassahanalaryň karantine ýapylmak ähtimallygyny duýdurýar
COVID-19: Lebapda hassahanalar näsaglardan doly, olara diňe gartaşan raýatlar we göwreli aýallar kabul edilýär