Gotham Awards baýraklaryna dalaşgärler yglan edildi

Gotham Awards baýraklaryna dalaşgärler yglan edildi

Ýakynda Gotham Awards baýraklaryna dalaşgärler yglan edildi. Bu barada www.proficinema.ru habar berdi.

Rebekka Hollyň "Meňzeşlik" we Meggi Jillenholyň "Ýitirilen gyz" filmleri dalaşgärlik eden ugurlarynyň sany boýunça öňdebaryjy boldular. Bu filmleriň režissýorlary režissýorlyk ugrundaky üstünligi üçin Bingem Reý baýragyna hem dalaş edýärler. Baýraklara girizilen esasy üýtgeşmeleriň biri - 2021-nji ýylda iň oňat aktýor hökmündäki baýrak jyns taýdan bitarap bolar.

Esasy kategoriýada - iň oňat film diýen at ugrunda “Meňzeşlik”, “Ýitirilen gyz”, “Ýaşyl rysar hakda rowaýat”, “Test” we “Doňuz” filmleri dalaşgär görkezilýär. Baýragyň esasy aktýorlyk kategoriýasynda Oliwiýa Kolmanyň, Oskar Aýzekiň, Hoakin Feniksiň, Teýlor Peýjiň, Tessa Tompsonyň we beýlekileriň işleri dalaşgärlik edýär. Bu baýrak zenan we erkek diýlip bölünmän, Iň gowy baş rol diýlip atlandyryldy.

Dowamlylygy kyrk minutdan geçýän iň oňat serial ugry boýunça "Merhemetli Hudaýyň guşy", "Bu - günä", "Özgeriş sesi", "Ýerasty demir ýol", "Ak lotos", şeýle hem Netflix taslamasynyň iň üstünlikli serialy bolan Günorta Koreýanyň “Kalmar oýny” serialy bäsleşer.

Gotham Awards baýraklary 1991-nji ýyldan bäri her ýyl Nýu-Ýork şäherinde gowşurylýar. Onda ýeňijiler kino žurnalistleri, kino tankytçylary, festiwallaryň programma režissýorlary we beýleki kino hünärmenleri tarapyndan saýlanýar.

Baýraklaryň nobatdaky gowşurylyş dabarasy 2021-nji ýylyň 29-njy noýabrynda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

2025-nji ýylyň model gyzy
Görnükli türkmen ýazyjysy, halypa žurnalist Rahym Esenow aradan çykdy
Myrat Mollaýewiň filmi halkara baýragyna mynasyp boldy, Aşgabat şäheriniň jemgyýetçilik awtobuslarynda bank kartlary bilen töleg geçirmek mümkinçiligi girizildi, türkmen türgenleri Rumyniýada erkin göreş boýunça baýrakly orunlary eýelediler we beýleki hab
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Turkish Airlines Türkmenistandan ýörite howa gatnawlarynyň ýygylygyny iki esse artdyrar, Ýagşymuradow türk serialynda çykyş etdi, Türkmenawtoulaglary agentligi hem-de ETL kompaniýasy boş iş orunlaryny yglan etdiler we beýleki habarlar
Türkmenistanly žurnalistler halkara bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar