Eýranda Sil Apaty Sebäpli Ýogalanlaryň Sany Artdy

Eýranda Sil Apaty Sebäpli Ýogalanlaryň Sany Artdy

Eýranda, Tähran welaýatynyň başda durmagynda ýurda ýaramaz täsirini ýetiren sil apaty sebäpli ýogalanlaryň sany 76 adama ýetdi.

Eýranyň Krizis Dolanşygy guramasynyň başlygy Muhammed Hüseýin Nami, Eýranyň resmi IRNA gullugyna beren beýannamasynda, ýiten 7 adamyň jesediniň tapylandygyny aýtdy.

Soňky bir hepde-de sil apaty sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 76 adama ýetendigini, 16 adamyň bolsa ýitendigini belledi.

Aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen siliň 24 welaýata ýaramaz täsirini ýetirendigini aýdan Nami, 20 müň ýaşaýyş jaýyna uly zeper ýetirlendigini ýatlatdy.

Sil apatyndan soň ýurtda gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.

Ýolbaşçylar, halka derýalaryň we kanallaryň kenarlaryndan çetde durmaklary üçin çagyryş berdi.

Ýene degişli makalalar

Eýranda tokaý ýangynlary başdan geçirilýär
Eýrandaky sil apatynda 4 adam ýogaldy
Eýranda ýertitreme boldy
Hazaryň suwunyň çekilmegi rekord derejede dowam edýär
Eýranda 5,5 bal ululygynda ýer titreme boldy
"Aýdyň, bize çörek ýetermi?" Aşgabatda çörek nobatlary azalmaýar
Moskwa: Ukraina bilen gysga wagtda ylalaşyga gelmäge taýýar