Eýranda tokaý ýangynlary başdan geçirilýär

Eýranda tokaý ýangynlary başdan geçirilýär

Eýranyň resmi habarlar agentligi IRNA tarapyndan berilen maglumata görä, Gilan welaýatynyň Tebigy çeşmeler we suw howdanlaryny goramak edarasynyň başlygy Seýid Mazýar Rezewi geçen hepdäniň şenbe gününden bäri welaýatda 80 gektarlyk tokaý zolagynyň ýanandygyny habar berdi.

Seýid Mazýar Rezewi ýangynyň aglaba ýerde gözegçilik astyna alynandygyny, söndürmek işleriniň dowam edýändigini mälim etdi.

Seýid Mazýar Rezewi güýçli şemalyň täsiri bilen Taliş şäherindäki tokaý zolagynyň käbir ýerlerinde bolsa ýangynyň dowam edýändigini, gözegçilik astyna almak we söndürmek işleriniň dowam edýändigini aýan etdi.

Gilan welaýatynyň gubernatorlygynyň Krizis dolanşygyndan berilen beýanatda bolsa sebitdäki 6 öýe ýangynda zeper ýetendigini, wakada ýogalan ýa-da ýaralanan adam barada bolsa maglumat berilmedi.

Ýene degişli makalalar

Eýrandaky sil apatynda 4 adam ýogaldy
Eýranda ýertitreme boldy
Hazaryň suwunyň çekilmegi rekord derejede dowam edýär
Eýranda 5,5 bal ululygynda ýer titreme boldy
"Aýdyň, bize çörek ýetermi?" Aşgabatda çörek nobatlary azalmaýar
Moskwa: Ukraina bilen gysga wagtda ylalaşyga gelmäge taýýar