Eýranda Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitaby tanyşdyryldy

Eýranda Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitaby tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäherindäki Baş konsullygynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada HHM habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, 18-nji aprelde bolan çärä Eýranda ýaşaýan magtymgulyşynaslar, edebiýatçylar, şahyrlar, edebi neşirleriň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň şöhratly taryhyny, baý milli medeni mirasyny öwrenmekde we ýaýratmakda Türkmenistanyň Prezidentiniň Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet atly kitabynyň ähmiýeti barada çykyş edip, kitabyň mazmunynyň maglumatlara baýdygyny, materiallaryň görkezilişiniň çuňlugy we aýdyňlygy bilen tapawutlanýandygyny nygtap geçdiler.

Kitabyň türkmen, iňlis we rus dillerinde ýazylmagy eseriň daşary ýurtly okyjylara kitap bilen tanyşmak üçin ýeňillikleri döretjekdigi aýratyn bellendi.

Medeni çäräniň dowamynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan elde çekilen suratlaryň sergisi we beýik türkmen şahyrynyň şygyrlarynyň okalyşy boldy.

Ýene degişli makalalar

Gymmaty egsilmejek kitap
Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy
Türkmenistan bilen HHR-niň özara gatnaşyklarynyň täze derejesi, bütin Türkmenistan boýunça adatdan daşary sowuk howanyň golaýlaşmagy, Aşgabadyň, Sarahsyň we Arçmanyň arasynda täze ugurlaryň işe girizilmegi
Türkmenistanyň we Gazagystanyň dil ugurly ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyga uly ynam bildirilýär
Eýranda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly kabul edişlik guraldy
Türkmen işewürleri Germaniýada we Eýranda geçiriljek halkara sergilere gatnaşarlar