Eýrandaky sil apatynda 4 adam ýogaldy

Eýrandaky sil apatynda 4 adam ýogaldy

Eýranyň resmi habarlar agentligi IRNA-nyň berýän habaryna görä, Demirgazyk Horasan welaýatynyň gubernatorlygynyň Krizis dolanşyk bölüminiň başlygy Gulamryza Şefik, welaýatda aşa ýagan ýagyşlardan soň emele gelen sil apaty barada beýannama berdi.

Gulamryza Şefik takmynan 20 minut dowam eden aşa ýagyşlardan soň emele gelen sil apatyndan soň başladylan gözleg we halas ediş işlerinde, 2 adamyň jesediniň tapylandygyny, 18 ulagyň bolsa siliň suwuna tutulandygyny habar berdi.

Şirwan şäheriniň Golýan obasynda hem ulagyň içindäki 2 adamyň sil suwuna tutulyp ýogalandygyny aýdan Gulamryza Şefik, narynç kategoriýa boýunça duýduryş berilen sil apaty sebäpli Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň we degişli guramadyr-edaralaryň işe girişendigini mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistandaky täze ilçisini belledi
Eýranda bir esger 5 gullukdaşyny öldürdi
11-nji noýabrda Ýaşlar atly gysga göwrümli çeper filmiň ilkinji görkezilişi bolar
Kazyýet güýjüniň başlygy: Ewin türmesindäki waka duşman agentleri tarapyndan edilen jenaýatdyr
Daňatar Öwezow adyndaky Ýörite döwlet sazçylyk mekdebiniň döredilmeginiň 90 ýyllygy bellenildi
Türkmenistan we Pakistan TOPH boýunça ylalaşyga gol çekdi