Ýemeniň Milli Halas ediş hökümetiniň gepleşik toparynyň metbugat wekili we başlygy "Mohammad Abdulsalam" penşenbe güni Maskatda Eýran Yslam Respublikasynyň Syýasy işler boýunça daşary işler ministriniň orunbasary "Majid Taht Rawançi" bilen duşuşdy.
Eýranyň Syýasy işler boýunça daşary işler ministriniň orunbasary "Majid Taht Rawançi" Ýemeniň güýçli we ezilen halkynyň Palestina halkyna beren hormatly goldawyny öwdi we Sionist režiminiň bikanun we agressiw hüjümlerine garşy durmakda deňsiz-taýsyz garşylygyny taryhy we hormatly hasaplady.
Ýemeniň Milli Halas ediş hökümetiniň gepleşik toparynyň başlygy "Mohammad Abdulsalam" hem Ýemendäki soňky wakalar barada hasabat berdi we bu ýurduň halkynyň arasyndaky milli jebisligi we raýdaşlygy nygtady we duşmanlaryň hüjümlerine garşy Ýemeniň hökümetine we halkyna Eýran Yslam Respublikasynyň syýasy we ruhy goldawyny öwdi.
Şeýle hem, bu duşuşykda iki tarap soňky syýasy wakalar we Ýemeniň parahatçylyk ýoluny nädip durmuşa geçirmelidigi barada dürli taraplar bilen geçirilen gepleşikler barada pikir alyşdylar.
