Eýranlylar Umra Üçin Saud Arabystana Gidip Bilerler

Eýranlylar Umra Üçin Saud Arabystana Gidip Bilerler

Eýranyň raýatlary 19-njy dekabrdan başlap Saud Arabystanyna yzgiderli syýahat etmäge başlarlar.

Eýranyň ýarym resmi “Fars” habarlar gullugy Eýrandaky 10 howa menzilinden uçjak uçarlaryň Mekgä umra zyýaratna gitjek raýatlary gatnatjakdygyny habar berdi.

Eranlylar 2016-njy ýyldan bäri diňe haj parazasyny berjaý etmek üçin Saud Arabystana gidýärdiler. Eýranyň raýatlary mundan beýläk ýylyň islendik wagtynda edilýän umra zyýaratlaryny hem edip bilerler.

Euran bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 2016-njy ýylda Riýadyň şaýy din adamsyny dara çekmeginden soň, Saud Arabystanynyň Tährandaky Ilçihanasyna hüjüm guralmagy sebäpli bes edilipdi.

Ýene degişli makalalar

Kair maslahaty başlady
Türkmenistan bilen Palestinanyň arasyndan işewürlik geňeşini geçirmek teklip edildi
Gurbanguly Berdimuhamedow Palestinanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
Türkmenistan bilen Palestinanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi
Türkmenistan-Palestina parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Prezidenti Palestina Döwletiniň daşary işler ministrini kabul etdi