Eýranyň Iran Prože atly ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady

Şu gün, 17-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Eýran Yslam Respublikasynyň Iran Prože atly ýöriteleşdirilen sergisiniň öz işine başlady.Hormatly Prezidentimiz halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara Gutlag iberdi.

Gutlagda hususanda şeýle sözler bar: “Türkmen we eýran halklaryny asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän taryhy kökler, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar.Hut şonuň üçin hem ýurtlarymyz sebitde uzak möhletleýin hyzmatdaş bolmak bilen, häzirki döwürde netijeli, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň asyrlarboýy toplanan tejribesini yzygiderli baýlaşdyrýarlar”. Şeýle hem Gutlagda Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň altyn halkasy diýlip ykrar edilen Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň gurluşygynyň bilelikde durmuşa geçirilen taslamalaryň has ähmiýetlileriniň biridigi bellenilýär.

Sergi senagat we tehnologiýalar pudagyndaky iň soňky gazananlaryny açyp görkezmäge giň mümkinçilik döredýär.Giň gerimli çärede goňşy döwletiň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýüze golaýy gurluşyk enjamlary, metal önümleri, durmuş enjamlary, sanitar-tehniki we ýuwujy serişdeleri, senagat hem-de lukmançylyk enjamlary ýaly ugurlaryny, şeýle hem awtoulaglary hödürleýärler.

Mundan başga-da el halylary, senetçilik önümleri sergä gelenlerde uly gyzyklanma döredýär.Serginiň çäklerinde türkmenistanly we eýranly işewürleriň arasynda özara hyzmatdaşlygy ösdürmek we ykdysady gatnaşyklary giňeltmek boýunça birnäçe çäreleriň, şol sanda Türkmen-eýran işewürlik maslahatyny geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Üç günläp dowam edýän sergi 19-njy noýabra çenli dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-eýran söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmek barada pikir alşyldy
Aşgabatda Eýranyň ýöriteleşdirilen sergisi açyldy
Türkmen-eýran işewürler maslahaty
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Hokkeý toparlarynyň kapitanlary Türkmenistanyň Prezidentini gutladylar