Türkmen-eýran işewürler maslahaty

17 — 19-njy noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň “Iran Prože” atly ýöriteleşdirilen sergisi geçirilýär. Ozal habar berşimiz ýaly, serginiň çäklerinde Türkmen-eýran işewürler maslahatyny geçirilýär.

Şu gün Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň 17-nji mejlisi öz işine dowam etdi. Türkmen wekiliýetine Toparyň türkmen tarapyndan başlygy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk edýär, eýran wekiliýeti Toparyň eýran tarapyndan başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaşyň ýolbaşçylygynda gatnaşýar.

Duşuşyga iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we hususy pudagynyň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň maksatnamasyna söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlarynda, ulag we logistika, senagat, oba we suw hojalyk, maýa goýum we standartlaşdyryş pudaklaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri girizildi, şeýle-de Hökümetara toparyň 16-njy mejlisiniň çözgütleriniň amala aşyrylyşynyň gidişi seljerildi.

Şeýle hem gümrük serhedinde hyzmatdaşlygy giňeltmek, bilelikdäki serhet gümrük edaralaryny döretmek ýaly birnäçe möhüm meseläni ara alyp maslahatlaşdylar.

EYR-nyň wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, düýn Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda EYR-nyň Iran Prože atly Ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlapdy. Sergi ertir öz işini tamamlaýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-eýran söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmek barada pikir alşyldy
Aşgabatda Eýranyň ýöriteleşdirilen sergisi açyldy
Eýranyň Iran Prože atly ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistan — Eýran: köpasyrlyk dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň ýoly bilen