Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň mejlisi

17-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerine, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna hem-de beýleki käbir meselelere garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň 17-nji mejlisini geçirmek meselesi boýunça hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, goňşy döwletler, şol sanda Eýran Yslam Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, EYR bilen däp bolan dostlukly we köpugurly gatnaşyklary ösdürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şu maksatlar bilen, 17-18-nji noýabrda ýokarda agzalan toparyň 17-nji mejlisini geçirmek meýilleşdirildi.

Onuň gün tertibine gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary ýerine ýetirmäge, söwda-ykdysady, nebitgaz, himiýa, elektroenergetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda, oba we suw hojalygynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meseleleriň giň toplumy giriziler.

Maýa goýumlar, işewür düzümleriň ugry boýunça, daşky gurşawy goramak, gidrometeorologiýa babatda we beýleki wajyp ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar.

Ynsanperwer ulgam döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, gün tertibine ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, şeýle hem sport we syýahatçylyk ulgamlarynda özara gatnaşyklaryň wajyp meseleleri giriziler. Mejlisiň çäklerinde eýranly kärdeşler bilen hyzmatdaşlygyň degişli ugurlary boýunça birnäçe gepleşikleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Mejlisiň netijeleri boýunça resminamalaryň birnäçesine gol çekmek meýilleşdirilýär.

17 — 19-njy noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň “Iran Prože” atly ýöriteleşdirilen sergisi geçirilýär, mundan başga-da, 18-nji noýabrda Türkmen-eýran işewürlik maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. EYR-nyň wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini guramak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanyň ýakyn hyzmatdaşy bolup durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň 17-nji mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyryp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygyny belledi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-eýran söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmek barada pikir alşyldy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmen-eýran işewürler maslahaty
Eýranyň Iran Prože atly ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady
Aşgabatda Eýranyň ýöriteleşdirilen sergisi açyldy
Türkmen-eýran nebit däl söwda dolanyşygy 79% artdy