Eýranyň Ýadro Ylalaşygy Boýunça Geçirilýän Gepleşiklere Arakesme Berilmegi Gün Tertibinde

Eýranyň Ýadro Ylalaşygy Boýunça Geçirilýän Gepleşiklere Arakesme Berilmegi Gün Tertibinde

ÝB-niň Daşary gatnaşyklar we Howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili Žozep Borrell “daşarky täsirler” sebäpli Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde Eýranyň ýadro ylalaşygynyň gaýtadan güýje girizilmegi üçin geçirilýän gepleşiklere arakesme berilmelidigini beýan etdi.

Borrell 11 aýdan bäri dowam edýän gepleşiklerinde netijä golaý gelinendigine garamazdan Russiýanyň ABŞ-dan howpsuzlyk kepilliklerini talap edýändigi barasyndaky habarlardan soň sosial mediada mesele boýunça habarma berdi.

“Wenadaky gepleşiklere daşarky täsirler sebäpli arakesme berilmeli” diýen Borrell, ylalaşyk boýunça habarnamanyň taýýadygyny we stoluň üstünde durandygyny beýan etdi.

Borrell bar bolan kynçylyklary ýeňip geçmek we ylalaşygy netijelendirmek maksady bilen Giňeldilen bilelikdäki iş maksatnamasy atly ylalaşygyň utgaşdyryjysy bolandyklary üçin ÝB-niň ylalaşygyň taraplary we ABŞ bilen aragatnaşygy dowam etdirjekdiklerini nygtady.

Eýranyň Daşary işler ministri Huseýn Emir Abdullahiýan bolsa ýadro gepleşiklerinde ABŞ-dan gelip gowşan täze talaplaryň mantykly sebäbiniň ýokdugyny beýan edipdi.

Eýranyň Daşary işler minstrliginden berilen beýannama görä Abdullahiýan bilen Borrell telefon arkaly söhbetdeşlik geçiripdi.

Telefon söhbetdeşliginde Wenadaky gepleşikleriň möhüm sepgide ýetendigini ýatladan Borrell, Eýranyň öňe sürýän ykdysady kepillikleri boýunça şertleri goldaýandyklaryny beýan edip; “Ylalaşyk gazanmak üçin tagallalarymyzy dowam etdireris, sebäbi uzak ýol geçdik” diýipdi.

Ýene degişli makalalar

Borrell Eýrany HAEG Bilen Gyssagly Hyzmatdaşlyk Etmäge Çagyrdy
Liwanda kazy Nawaf Salam Premýer-ministr hökmünde bellendi
Hazarüsti turba geçirijisi barada maglumatnama
Daşary işler ministrligi Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygynyň geljegi barada Türkmenistanyň garaýşyny mälim etdi
ÝB, ABŞ we NATO Howanyň Üýtgemeginiň Global Howpsuzlyga Ýetirýän Täsirlerine Garşy Bilelikde Göreşer
Kim, haçan oýlap tapdy?
UEFA “Sewilýa” Ligasy