Eýs Wentura gaýdyp gelýär. Seriýanyň üçünji filmi anons edildi

Eýs Wentura gaýdyp gelýär. Seriýanyň üçünji filmi anons edildi

Eýs Wentura baradaky komediýa seriýasynyň muşdaklaryna onuň dowamy wada berildi. Ýagny, Morgan Creek kompaniýasy detektiw barada üçünji filmiň üstünde işleýändigini habar berdi diýip, ren.tv belleýär.

Ýeri gelende bellesek, Eýs Wenturanyň Facebook sahypasy bar.Oňa üç million töweregi janköýer abuna ýazyldy.Hut şolar filmiň üçünji bölümini surata düşürmegi haýyş etdiler.Birinji bölüm “Eýs Wentura: Öý haýwanlarynyň gözlegi” 1994-nji ýylda çykdy.

Baş gahryman öý haýwanlarynyň gözlegi boýunça detektiw bolýar.Haçan-da syrly jenaýatçylar ýerli “Delfinler” futbol toparynyň tumary hasaplanýan Garjagaz atly delfini ogurlanlarynda, Eýs oýlap tapyjylyk täsinliklerini görkezip, şol bada işe girişýär.

Filmde baş keşbi Jim Kerri ýerine ýetirdi.Ikinji bölüm “Eýs Wentura 2: Tebigatyň çagyryşy” 1995-nji ýylda çykdy. Ýöne täze filmiň sýužet taýdan soňky bölümiň yzyny dowam etdirjekdigi ýa hatda lentada Jim Kerriniň surata düşjekdigi häzirlikçe belli däl.

Ýene degişli makalalar

Ähli döwürleriň iň gowy komediýa aktýorlary yglan edildi
Jim Kerri aktýorlyk kärini tamamlaýandygyny habar berdi
Türkmenistanda mukaddes Remezan aýy başlandy, harby gulluga ýazky çagyryş başlandy, Hindistanyň Prezidentiniň taryhda Türkmenistana ilkinji sapary we beýleki täzelikler
Jon Trawolta 70 ýaşyny belledi
Entoni Blinken BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde Merkezi Aziýanyň DIM-niň ýolbaşçylary bilen duşuşar
Bütindünýä ykdysady forumy öz işine başlady