Jim Kerri aktýorlyk kärini tamamlaýandygyny habar berdi

Jim Kerri aktýorlyk kärini tamamlaýandygyny habar berdi

Golliwudyň ýyldyzy Jim Kerri öz aktýorlyk işini tamamlamakçydygyny resmi yglan etdi. Bu barada Hollywood Life neşiri habar berdi diýip, “Mail.ru” ýazýar.

“Men pensiýa gidýärin. Men muny çynym bilen aýdýaryn” diýip, aktýor ady tutulan neşire beren interwýusynda nygtady.

60 ýaşly Jim Kerri: “Maňa, hakykatdanam, häzirki asuda durmuşym ýaraýar, men surat çekmegi halaýaryn, ruhy durmuşymdan razy” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Aktýor 40 ýyldan hem gowrak dowam eden kinokarýerasyna Torontoda stendap-komiklikden başlapdyr. Ol soňlugy bilen gülküli filmlerde baş keşplerde çykyş etdi. 1990-njy ýyllarda Kerri “Nikap” (Маска), “Kütek we has-da kütek” (Тупой и ещё тупее), “Betmen hemişelik” (Бэтмен навсегда) we “Ýalançy, ýalançy” (Лжец, лжец) ýaly üstünlikli filmlerde keşp döretdi.

Ýene degişli makalalar

Jon Trawolta 70 ýaşyny belledi
Ähli döwürleriň iň gowy komediýa aktýorlary yglan edildi
Türkmenistanda mukaddes Remezan aýy başlandy, harby gulluga ýazky çagyryş başlandy, Hindistanyň Prezidentiniň taryhda Türkmenistana ilkinji sapary we beýleki täzelikler
Bütindünýä ykdysady forumy öz işine başlady
Britan premýer-ministriniň ýedinji çagasy dünýä indi
Matrisanyň dördünji bölümi franşizanyň iň dowamly filmi bolar