Amerikaly ýazyjy Stiwen King koronawirus pandemiýasy barada kitap ýazmagy göz öňünde tutýar. Bu barada ol The View tok-şou ýaýlymynda aýtdy diýip, TASS habar berýär.
Şeýle-de, King pandemiýanyň 2021-nji ýylyň awgust aýynda neşir edilen Billi Sammers detektiw romanynyň ýazylmagyna-da täsirini ýetirendigini belläp geçdi.Kitapdaky wakalar 2020-nji ýylda bolup geçýär.
Sýužet boýunça gahrymanlar kruize gidýärler, ýöne 2020-nji ýylda koronawirusa garşy girizilen çäklendirmeler sebäpli bu mümkin bolmaýar, şonuň üçin ýazyjy eseriň hakykata ýakyn bolmagy üçin wakalary 2020-nji ýyldan 2019-njy ýyla geçirmeli bolýar.
Stiwen King tas 350 mln nusgada ýaýradylan 50-den gowrak romanyň awtorydyr. Onuň ilkinji Kerri romany 1970-nji ýyllaryň ortalarynda peýda bolýar, onuň yzyndan meşhurlyk getiren The Shining romany çykýar. 2003-nji ýylda ol amerikan edebiýatyna goşan goşandy üçin Milli kitap gaznasynyň medalyna mynasyp bolýar, 2014-nji ýylda sungatda gazanan üstünlikleri üçin Milli medal bilen sylaglanýar.
