Italýanlar 5-nji gezek çempion

Tennis boýunça zenan ýygyndylaryň arasynda geçirilýän “Billie Jean King Cup” ýaryşynda Italiýa çempion boldy.Ispaniýanyň Malaga şäherinde geçirilen final tapgyrynda Italiýanyň ýygyndysy jemleýji duşuşykda Slowakiýa bilen duşuşdy.Geçirilen 2 ýekeleýin duşuşyk ýeňijini kesgitläp, jübütleýin duşuşygyň zerurlygy galmady. 1-nji duşuşykda Luçia Bronzetti Wiktoriýa Hrunçakowany 6:2 we 6:4 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi we Italiýanyň ýygyndysy umumy hasapda 1:0 öňe saýlandy. 2-nji duşuşykda Jasmin Paolini Rebekka Şramkowadan 6”2 we 6:1 hasaplar bilen üstün çykdy.

Netijede, italiýaly zenanlar 2:0 hasabynda ýeňiş gazanyp, 11 ýyldan soň 5-nji çempionlygyny baýram etdi.Italiýaly tennisçi zenanlar mundan öň 2006-njy, 2009-njy, 2010-njy hem-de 2013-nji ýyllarda bu kubogy eýeläpdi. Şeýlelikde, Italiýa bu ugurda Ispaniýa bilen deňleşdi.

Italiýanyň ýygyndysy geçen ýyl finalda kanadaly tennisçilerden asgyn gelipdi.Italiýanyň ýygyndysynda Jasmin Paolini, Luçia Bronzetti, Sara Errani, Elizabetta Koççiaretto, Martina Trewisan dagy çykyş edip, olar ýarym finalda Polşany, Slowakiýa bolsa Beýik Britaniýany ýeňipdi. /* custom css */ .td_uid_15_6740747db02e5_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_6740747db02e5_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Elektron çilimleriň satuwy gadagan edildi
IMDB portaly ýylyň iň meşhur aktýorlaryny we filmlerini yglan etdi
Fransiýanyň Premýer-ministri Wezipesinden Çekildi
Fransiýanyň taryhynda iň ýaş Hökümet başlygy bellendi
ABŞ Türkmenistandaky täze ilçisini tassyklamak baradaky meselä sereder
ABŞ-nyň Senaty Elizabet Ruduň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine dalaşgärligini tassyklady