Facebook esasy programmasyna wideo we audio jaňlary funksiýasyny goşar

Facebook esasy programmasyna wideo we audio jaňlary funksiýasyny goşar

Facebook sosial ulgamy ulanyjylara esasy programmanyň üsti bilen wideo we audio jaňlaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berjek funksiýany synagdan geçirmäge başlady. Bu barada Bloomberg agentligi habar berýär diýip, TASS belleýär.

Agentligiň belleýşi ýaly, öň ulanyjylar ykjam telefondan sosial ulgamda diňe aýratyn Messenger programmanyň kömegi bilen habar iberip bilýärdiler. Täze funksiýa, kompaniýanyň wekiliniň bellemegine görä, esasy programma bilen Messenger-iň arasynda birikmek zerurlygyny azaldar.

Käbir ulanyjylar bu funksiýadan eýýäm duşenbe gününden başlap peýdalanyp bilýärler. Synagyň ABŞ-dan başga haýsy ýurtlarda geçiriljekdigi barada maglumat berilmeýär.

Facebook kompaniýasy 2004-nji ýylyň 4-nji fewralynda Mark Sukerberg we onuň üç kursdaşy tarapyndan Garward uniwersitetinde okaýan döwürlerinde esaslandyryldy. Ştab-kwartirasy Menlo-Parkda (Kaliforniýa ştaty) bolan kompaniýa Facebook we Instagram sosial ulgamlaryna, şeýle-de WhatsApp we Messenger programmalaryna eýeçilik edýär.

Ýene degişli makalalar

'STOP Methane': Türkmenistan dünýäniň iň uly metan syzdyryjysy
Tüwiniň bahasy soňky 15 ýylda iň ýokary derejede gymmatlady
Bloomberg: Abu-Dabi milliarderleriň täze merkezi boldy
2023-nji ýylda dünýäniň iň baý maşgalalary
ABŞ Türkmenistana metan boýunça bilermenlerini iberdi
“Bloomberg”: dünýäniň 500 baýy