FAO tarapyndan topragy, suwy we ösümlikleri çalt seljermek üçin enjamlar toplumy satyn alyndy

FAO tarapyndan topragy, suwy we ösümlikleri çalt seljermek üçin enjamlar toplumy satyn alyndy

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi BMG-niň (FAO) Azyk we oba hojalygy guramasy bilen FAO-GEF-iň Merkezi Aziýanyň we Türkiýäniň (ИСЦАУЗР-2) gurakçylyga we şorlaşma meýilli oba hojalygynyň landşaftlarynda tebigy baýlyklary toplumlaýyn dolandyrmak sebit taslamasynyň çäginde hyzmatdaşlyk edýär.

Türkmenistan: Altyn asyr saýtynda habar berilişi ýaly, taslamanyň ýerine ýetirilmegi üçin Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli instituty, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk instituty, şeýle hem Daşoguz welaýatynyň etraplary gatnaşýarlar.

Oba hojalygy ekinleriniň hasylyny meýilleşdirmek we çaklamak üçin toprak — ösümlik — atmosfera ulgamyny öwrenmek we yzygiderli gözegçilik etmek möhümdir we munuň üçin degişli ekspress synaglary geçirmek üçin döwrebap enjamlardan peýdalanmaly.

Şuny göz öňünde tutup, ИСЦАУЗР-2 taslamasynyň çäginde topragy, suwy we ösümlikleri çalt seljermek üçin enjamlar toplumy satyn alyndy we Türkmenistana getirildi.Olar oba hojalygy ykjam barlaghana toplumyny, göçme kiçi göwrümli howa stansiýasyny, ösümlikleriň geçiş derejesini ölçeýjini, el bilen azot ölçeg abzalyny, toprak termometrini, dänäniň çyglylygyny ölçeýjisini we fiziki seljermek üçin ulanyljak beýleki ölçeg gurallaryny, topragyň, suwuň we ösümlikleriň himiki we biologiki görkezijilerini öz içine alýar.

Enjamlar taslama hyzmatdaşlaryna ylmy we amaly çärelere kömek etmek üçin niýetlenendir.

Habarda bellenilişi ýaly, bu enjamlaryň kömegi bilen ekinleriň we topragyň fiziki-himiki we biologiki görkezijilerini çalt hem-de takyk seljermäge mümkinçilik döreder.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda iki sany agaç nahalhanasynyň gurluşygy tamamlandy
Aşgabatda “Merkezi AziýaÝB” formatynda daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler
Tüwiniň dünýädäki bahasy geçen 12 ýylda iň ýokary derejä ýetdi
Awazada Hazar deňzi dostluk we ylalaşyk deňzi atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi
FAO: Awgust aýynda dünýäde azyk önümleriniň bahalary peseldi
FAO: Sentýabr aýynda şekeriň dünýädäki bahasy ýokarlandy