FAO: Sentýabr aýynda şekeriň dünýädäki bahasy ýokarlandy

FAO: Sentýabr aýynda şekeriň dünýädäki bahasy ýokarlandy

Şekeriň dünýädäki bahasy sentýabr aýynda takmynan 10 göterim ýokarlandy we bu görkeziji 2010-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) anna güni habar bermegine görä, bu önümiň bahasynyň ýokarlanmagy esasy şeker öndürijileriniň öndürýän önümleriniň möçberiniň peselmegi, energiýa bahalarynyň ýokarlanmagy we “El Niño” howa hadysasynyň täsiri bilen ýüze çykdy.

Esasy satyn alynýan azyk önümleriniň dünýä bahalarynyň aýlyk üýtgeşmelerini hasaba alýan FAO-nyň azyk önüm baha indeksi sentýabr aýynda ortaça 121,5 bala deň boldy.Bu görkeziji awgust aýynyň 121,4 baly bilen deňeşdirilende biraz ýokarlandy.

Häzirki wagtda bu indeks geçen ýylkydan 10,7 göterim we 2022-nji ýylyň mart aýynda hasaba alynan iň ýokary derejeden hem 24 göterim pesdir.

FAO-nyň şekeriň bahasy boýunça indeksi sentýabr aýynda geçen aý bilen deňeşdirilende 9,8 göterim ýokarlandy.

FAO galla önümleriniň bahasynyň geçen aýdan 1 göterim, mekgejöweniň bahasynyň bolsa ýedi göterim ýokarlandygyny habar berdi. Munuň tersine, üpjünçiligiň ýokarylygy we Russiýada amatly önümçilik mümkinçilikleri sebäpli bugdaýyň global bahasy 1,6 göterim arzanlady. Mundan başga-da, şol döwürde tüwiniň bahasy 0,5 göterim peseldi.

Şeýle hem BMG-nyň Azyk we oba hojalyk guramasy global importa bolan islegiň peselmegi we üpjünçiligiň ýeterlik bolmagy sebäpli süýt önümleriniň bahasynyň 2,3 göterim arzanlandygyny belläp geçdi.

Mundan başga-da, FAO global galla önümçiliginiň şu ýyl 2,819 milliard tonna boljakdygyny çaklaýar. Bu bolsa öňki 2,815 milliard tonna barabar bolan çaklamadan köpdür. Galla önümçiliginiň artmagy amatly howa şertleri sebäpli Russiýada we Ukrainada has oňyn hasyl çaklamalaryna bagly bolup durýar.

Ýene degişli makalalar

FAO: Awgust aýynda dünýäde azyk önümleriniň bahalary peseldi
Aşgabatda “Merkezi AziýaÝB” formatynda daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler
FAO tarapyndan topragy, suwy we ösümlikleri çalt seljermek üçin enjamlar toplumy satyn alyndy
Tüwiniň dünýädäki bahasy geçen 12 ýylda iň ýokary derejä ýetdi
Awazada Hazar deňzi dostluk we ylalaşyk deňzi atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi
Azygyň bahasy 2,5 ýylyň iň pes derejesine ýetdi